Ahally gallaçylar hem bugdaý ekişini tamamladylar

Ahally gallaçylar hem bugdaý ekişini tamamladylar

Ahal welaýatynyň gallaçylary hem güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde tamamladylar. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, welaýatda 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi. Munuň özi bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär.

Daýhanlaryň zähmeti üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere ýetilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýan berijilere garşy göreş serişdeleri öz wagtynda taýýarlanyldy.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň daýhanlarynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesi durýar, şonuň 400 müň tonnasy Ahal welaýatynda öndüriler. TmCars.info Türkmenistanda ilkinji bolup lebaply ekerançylaryň güýzlük bugdaý ekişini tamamlandyklaryny ozal habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär, ýygymçylar pagta ýok’ diýýär, mejbury zähmet agzalmaýar
Prezident sebitlerde pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýtdy, oba başlyklary seljerilmeli edildi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Diňle: Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar'
Türkmenistanyň Prezidenti senagat işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri täze gurluşyklary dikuçardan synlady