Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 309 million manatlyk önüm öndürdi

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 309 million manatlyk önüm öndürdi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän zawody şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 309 million 835 müň manatlyga golaý önüm öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Gazdan benzin öndürýän dünýädäki bu ilkinji gazhimiýa zawodynyň bu görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57% ýokarlandy. Zawod 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 197 million 576 müň 661 manatlyk önüm öndüripdi. Zawodyň esasy önümi EСО-93 kysymly benzindir.

Bu ýerde ýarym ýylda öndürilen ýokary hilli we ekologik talaplara laýyk gelýän önüm baglaşylan şertnamalar esasynda dünýäniň birnäçe ýurduna eksport edildi.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Kärhananyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Ýene degişli makalalar

Erdogan UEFA-nyň Merih Demiral Hakynda Derňew Işini Başlatmagyna Reaksiýa Bildirdi
4 ýylda 4 kubok (makala)
Ýewropa çempionynyň 4-5 aý toparyna kömegi degmez
EURO 2024-iň ýyldyzy klubuny üýtgetdi
Wezipesinden boşadyldy, 20 million ýewro öweztöleg puluny alar
Ispaniýanyň ýygyndysy näçe pul baýragyny gazandy?
Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy