Ahalda pagta planyny dolup bilmedik kärendeçileri sülçüler soraga çekýär, pagtanyň öwezine pul talap edilýär

Ahalda pagta planyny dolup bilmedik kärendeçileri sülçüler soraga çekýär, pagtanyň öwezine pul talap edilýär

Ahal welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler prokuraturada soraga çekilýär.Olardan ýerine ýetirip bilmedik pagta plan borçnamasynyň öwezini dolmak talap edilýär.Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatdan habar berýär.

Golaýda habarçy welaýatyň bir etrabynda ençeme pagtaçy kärendeçi bilen gürrüňdeş boldy. Ýöne Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli etrabyň adyny agzamakdan saklanýar.Prokuratura sülçüleri kärendeçilerden dolup bilmedik pagtasynyň öwezine pul tölemegi talap edýär, muňa jogap edip olar kärendeçileriň garşysyna iş gozgamazlygy wada berýär. “Kärendeçileriň biri özüniň etrap prokuraturasyna eýýäm üçünji gezek çagyrylýandygyny aýdýar” diýip, habarçy bir kärendeçiniň sözlerine salgylanýar.

Atlandyrylmazlyk şertinde Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir pagtaçy öz tanaýan kärendeçileriniň arasynda pagta planyny dolan adamyň ýokdugyny aýdýar.Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda ýurduň dürli regionlarynda, şol sanda Mary, Ahal we Lebap welaýatlarynda pagta hasylynyň pes bolandygyny habar beripdiler. “Ýylyň jeminde kärendeçiler hökümete bergili çykdy” diýip, kärendeçi sözüniň üstüni ýetirýär.

Onuň sözlerine görä, prokuratura sülçüleri kärendeçilerden olaryň dolup bilmedik pagtasynyň öwezine pul tölemegi talap edýär. “1 tonna pagta üçin 1500 manat nagt soraýarlar” diýip, habarçy maglumat berýär.Onuň sözlerine görä, sülçüleriň bu talabyndan kärendeçiler nalaýar.

Olar uzakly ýyl çeken zähmetleriniň netijesinde girdejisiz galyp, munuň üstesine özlerinden, pul talap edilmeginden zeýrenýärler. “Sülçi eger puluňyz ýok bolsa, goýunlaryňyzy, sygyrlaryňyzy satyň, ýöne bergiňizi hökman bermeli bolarsyňyz, garşylyk ýüze çykan ýagdaýynda biz size iş açarys’ diýýär” diýip, kärendiçiler Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýärler.

Plan borçnamasynyň doly hötdesinden gelip bilmedik ahally pagtaçylar prokuratura tarapyndan derňelýän wagty, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan we Lebap welaýatlarynda meýdanlarda galan pagtany iň giç 25-nji dekabra çenli ýygyp tamamlamagy tabşyrdy.

Türkmenistanda kärendeçiler döwlet eýeçilgindäki ýerlerde plan borçnamasy esasynda pagta, bugdaý ýetişdirýär, hasyly döwlete satýar.Daýhan bilen döwletiň arasynda baglaşylan şertnama esasynda, döwlet kärendeçileri zerur tehnika, dökün we suw bilen üpjün etmäge borçlanýar.

Muňa jogap edip, kärendeçiler şertnamada wada beren pagtadyr bugdaý hasylyny üstünlikli ýerine ýetirmeli bolýar. Şertnama ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, prokuratura edaralary kärendeçileri soraga çekýär, edilen çykdajylary yzyna, döwlete tölemegi talap edýär.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylarynyň mundan ozalky maglumatlaryna görä, ýurduň dürli regionlarynda daýhanlar zerur tehnika, dökün we suw bilen öz wagtynda kanagatlanarly üpjün edimeýändiklerini gürrüň beripdiler. Ýurduň bu ýylky pagta möwsüminiň ahyrynda beýleki regionlarynda-da plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler prokuratura edaralaryna çagyrylypdy. Ýatlasak, Lebap welaýatynyň Amyderýa şäherçesinde we Köýtendag etrabynda pagta plan borçnamasyny 50 göterim ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler noýabryň başlarynda ýerli prokuratura edaralaryna çagyrylypdy. “Pagta planyny 50 prosent ýerine ýetirmedik raýatlary prokuratura derňeýär.

Olardan döwletiň çykdajylaryny nädip hem bolsa yzyna tölemek talap edilýär” diýip, Azatlygyň lebaply habarçysy 11-nji noýabrda maglumat berdi.Türkmenistanyň döwlet mediasynda plan borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçilere görülýän çäreler barada maglumat berilmeýär.

Resmi metbugatda diňe pagta planyny dolan kärendeçiler barada, olaryň sylaglanyşy barada gürrüň gozgalýar.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky postda nobatçylyk çekýän esgere näbelli adamlar hüjüm etdiler
Bägüliň ölümine kim günäkär? 6 ýyl öň öz janyna kast eden gyzyň hossarlary adalaty gazanyp bilmeýär
"Memorial" merkezi azatlykdan mahrum edilen iki türkmen studenti barada täze maglumatlary äşgär etdi
Uçurym: 'Türkmenistanda 2 ýyldan bäri parasyz ýokary okuwa girip bilemok'
Kiprde saklanan türkmen migrantlarynyň tussaglyk möhletleri uzaldyldy
Lebapdaky Täze ýyl pajygalary