Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň seýislän’ aty diýilýän Akhan atly atyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak baradaky karara gol çekdi. Ol bu netijä öňki prezidentiň eserlerini "durmuşymyzyň ähli ugurlarynda belent maksatlara ýetmekde ýolgörkeziji şamçyrag, ruhlandyryjy ylham çeşmesi" diýip häsiýetlendirenden soň geldi.

Täze at ýadygärligini gurmak sebit häkimliginiň boýnuna düşýär we, Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşyp, bu işi şu aýda başlamak we dekabrda tamamlamak tabşyryldy.

Akhanyň heýkeliniň näme üçin we birden beýle gyssagly, hiç hili tender yglan etmezden, “Sport ýyldyzy” kärhanasy tarapyndan gurulmaly edilmeginiň anyk sebäbi düşündirilmedi.

Resmi maglumata görä, bu ýadygärlik türkmen halkynyň “milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen” gurlar.

“Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň seýislän Akhan bedewi 2018-nji ýylda 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçmegi başardy we görkezen netijesi boýunça Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

Şeýle-de neşir bu atyň adyna döredilen baýragyň şu ýyl ýeňiji bolan çapyksuwara gowşurylandygyny, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Aşgabat Aziadasynyň alawyny ýakan türgeniň hem şol bedewe atlanandygyny belleýär.

Türkmenistanda atlaryň ýurtda döredilýän şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülen kulty Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik döwründe güýçlendirilip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda, onuň atlar hakynda birnäçe kitap ýazmagy, her ýyl sowgat berilýän atlaryň birinde öz ussatlygyny’ görkezmegi hem-de wagtal-wagtal atlar bilen didarlaşmagy’ netijesinde, has giň gerime eýe boldy diýip, synçylar aýdýar.

Şeýle-de, G.Berdimuhamedow atdan ýykylyp, dünýä habar serişdelerinde, şol sanda amerikan satirikleriniň döredijiliginde mynasyp’ orun aldy.

Ýöne Akhan atyndan öň Aşgabatda türkmeniň Alabaý itine dikilen ýadygärligi hem bellemek gerek. Habarlardan belli bolşy ýaly, bir tarapdan eýesiz it-pişikleriň yzygiderli we zalymlyk bilen ýok edilýän ýurdunda, ikinji tarapdan it wagzy hem alnyp barylýar we öňki prezident alabaýlary wasp etmekde hem galamyny aýamady.

Ondan öň ýurtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp baran syýasatynyň ýene bir elementine, welosipede ýadygärlik dikildi.

Synçylar ite, welosipede we ata dikilýän ýadygärlikleriň G.Berdimuhamedowyň özüne, at üstüne atlanan görnüşde, beýik ýadygärlik dikilenden soň adaty, oýunjak’ ýaly bir zatdygyny, ýöne onuň bu ýadägrlikden öň öz atasynyň, kakasynyň heýkellerini dikdirendigini aýdýarlar.

Berdimuhamedowlardan we olara degişli zatlardan öň ýurtda Saparmyrat Nyýazowyň we onuň ýakynlarynyň heýkelleri gurulýardy. Emma olar soň ýuwaş-ýuwaş azaldyldy we, S.Nyýazowdan tapawutlylykda, G.Berdimuhamedow prezidentlikden aýrylandan soňam, jemgyýetde saklaýan orny sebäpli, bir tarapdan jemgyýetçilik işi, ikinji tarapdan kitaplary we beýleki eserleri, üçünji tarapdan heýkeller bilen özüni ýatladyp durýar.

S.Berdimuhamedowyň Türkmenistanda geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” festiwaly mynasybetli çap eden gutlagynda aýdylmagyna görä, festiwala gatnaşýan teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahnalaşdyrylan oýunlaryň esasy bölegini Gurbanguly Berdimuhamedowyň "dana paýhasyndan dörän çuňňur pelsepewi eserleriň esasynda döredilen” eserleriň tutmagy "aýratyn buýsandyryjydyr”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanda Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany atly halkara maslahat geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
ÝURDUMYZDA ILKINJI “AKYLLY” ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY MYNASYBETLI DABARALARA BADALGA BERILDI
Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi
Arkadag şäheri dabaraly açyldy