Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginde alnyp barylýan täze gurluşyklar sebäpli onlarça gektar meýdany tutýan miweli baglar çapylyp ýok edildi.Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy habar berýär. “Geňeşlikde welaýatyň täze dolandyryş merkezini gurmak işleri amala aşyrylýar.
Gurluşyk meýdanyna geňeşligiň miweli baglary hem goşuldy.Gurluşyk tehnikalary baglary ýumrup, olary guma garyp gitdi.Olaryň arasynda alma, erik, üzüm ýaly miweli baglar bardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 23-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, miweli baglaryň tutýan meýdanynyň boýy ortaça 3 kilometre, ini 2 kilometre çenli uzap gidýärdi.Bu agaçlar mundan 10 ýyl çemesi ozal ekilip, ençeme ýyl bäri hasyl berip gelýärdi. “Bu ýerde bagçylyk bilen meşgullanan kärendeçiler etrabyň we geňeşligiň çäginde bir giden ýeriň bardygyna garamazdan, näme sebäpden baglygyň çapylyp, ýok edilenine düşünmeýändiklerini aýdýarlar.
Olar özleriniň onýyllygyň dowamynda çeken zähmetleriniň puç edilendigini belleýärler” diýip, Azatlygyň Ahal welaýatyndaky beýleki bir habarçysy aýtdy.Döwlet mediasy Ahal welaýatynda täze dolandyryş merkeziniň gurulýandygy barada ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda habar beripdi. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň “Gorjaw” geňeşligine sapar edip, bu merkeziň gurluşyk taslamalary bilen tanşypdy.
Geçen ýylyň 10-njy aprelinde bolsa, Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan, oba hojalyk we gurluşyk pudagyna degişli ahally hünärmenleriň birnäçesi miweli baglaryň ýerleşen ýeriniň gurluşyk üçin o diýen ýaramly däldigini aýtdy. “Bu meýdanda ýerasty suwlaryň derejesi örän ýokary.
Baglygyň käbir ýerlerinde 2 metr aşakdan suw çykýar.Bu ýer gurluşyk üçin däl-de, ekerançylyk üçin has ýaramly” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan ahally hünärmenleriň biri belledi.Azatlygyň habarçysy häzirki wagt miweli baglygyň deregine elektrik podstansiýalarynyň gurulandygyny belläp, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Bu ýerde polisiýa müdirliginiň, häkimligiň, prokuraturanyň binalary, ýaşaýyş jaýlary we şuňa meňzeşler gurulýar.
Bu gurluşyklary ýerine ýetirmek işlerine 80-e golaý hususy we döwlete degişli kärhanalar gatnaşýar.Häzirki wagt Keletedäki sement zawodyň ähli önümi Gorjawdaky gurluşyklara gönükdirildi” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlary Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimliklerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.Bu barada ýurduň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden hem kommentariý alyp bolmady.
Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda, hususan-da, paýtagt Aşgabadyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleri bilen baglylykda, gögerip oturan miweli we saýaly agaçlary köpçülikleýin çapmak çäresi yzygiderli amala aşyrylýar. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda jaý gurluşygynyň 14-16-njy tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen baglylykda, şäheriň etegindäki Köşi massiwinde 100 ýyllyk agaçlaryň çapylýandygy habar berildi.
Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri “ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek” üçin diýip, soňky onýyllygyň dowamynda her ýyl 3 million çemesi agaç ekýär.Bu çäre üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalyp, ony ekmek işlerinde ilatyň mugt zähmeti ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.
Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.