Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini Arkadag atlandyrmak göz öňünde tutulýar

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini Arkadag atlandyrmak göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde Ahal welaýatynda gurulýan şähere täze at tapmak meselesini gozgandan soňra, Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanyp täze şähere Arkadag adyny dakmagyň meýilleşdirilýändigini habar berýär.

Döwlet mediasyna görä, geçen hepde türkmen prezidenti Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän täze edara merkezinde işleriň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda prezident türkmen parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa ýüzlenip, täze şähere täze at dakmak meselesini “tutuş halk bilen ara alyp maslahatlaşmagy” tabşyrdy.

Arkadag sözi prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, öňki prezident we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamy bolup durýar.

Türkmenistanda 2022-nji ýyl ýurduň erksiz Mejlisi tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly” yglan edildi.

Ýurtda 2022-nji ýylyň fewralynda duýdansyz yglan edilen irki prezident saýlawlarynyň netijesinde ýokary döwlet wezipesine eýelän Serdar Berdimuhamedow medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan “Arkadagly Serdar” atlandyryldy.

Ahal welaýatynda gurulýan täze şäher üçin teklip edilýän täze at tassyklansa, Türkmenistan “Arkadagly zamanada” “Arkadagly Serdaryň” ýolbaşçylygynda Arkadag atly täze şähere eýe bolar.

Deslapky meýilnama görä, bu şäheriň gurluşygyny 2022-nji ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ahalyň täze dolandyryş merkezi welaýatyň häzirki Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýar.

Bu şäheriň düýbüni tutmak dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ýerleşýän ýerlerini “mukaddes ýerler” häsiýetlendirdi.

“Bu ýerler taryhy ýerler. Ata-babalarymyzyň ömür sürüp, gurup hem döredip giden mukaddes ýerleri” diýip, Berdimuhamedow belläpdi.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine ilkibaşda Serdar Berdimuhamedowyň atasy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagynyň teklip edilendigini, Arkadag adynyň bolsa sebitde bina edilýän beýleki bir şähere, Aşgabat-sitä berilmeginiň teklip edilendigini habar berýärler.

Ýöne çeşmeler Aşgabat-sitiniň gurluşygynyň yza tesýändigini nygtaýarlar. Has ozal, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Aşgabat siti taslamasynyň ýerleşýän ýerinde ýerasty suwlaryň tapylandygyny, topragyň durnuksyzdygyny habar berdiler. Munuň yz ýany, döwlet metbugaty Aşgabat-sitiniň çäginde inženerçilik-geologiýa işlerini geçirmek üçin tender yglan edilýändigini habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren iş maslahatynda häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, gurluşyk işleri ikinji tapgyrda dowam edýär. Bu tapgyrda şäheri abadanlaşdyrmak we ilaty göçürip getirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet metbugaty täze şäheriň anyk haçan açyljakdygyny aýtmady.

Bu aralykda, prezident Berdimuhamedow täze şähere ozal Aşgabat-siti taslamasynyň gurluşygyna gözegçilik eden Şamuhammet Durdulyýewi häkim belledi.

Täze şäher 13 müňe golaý maşgala niýetlenip, onuň çäginde 2, 5, 7 we 9 gata çenli ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Türkmenistanyň öňki Krasnawodsk şäheri ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenbaşy adyny göterýär. Şeýle-de, öňki prezidentiň ady etraplara we obalara hem dakylypdy.

Ahalyň merkezine Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag lakamy dakylsa, bu ýurtda ilkinji gezek onuň adynyň iri ilatly nokada dakyldygy bolar.

Azatlygyň çeşmeleri sebitde bina edilýän beýleki bir iri proýektiň, Aşgabat-sitiniň gurluşyk taslamasynyň ýerasty suwlar bilen bagly ýüze çykan problema sebäpli togtadylandygyny habar berýär.

Bahasy milliardlarça dollara barabar bolan gurluşyk taslamalary ýerine ýetirmek üçin döwlet býujetinden sarp edilýän serişdeleriň anyk möçberi mälim edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Durdylyýew Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet Baştutanlary Abu-Dabide gepleşik geçirdiler
Abu-Dabide türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar