Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.

Etrap hukukly Tejen şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Tejen şäherini Tejen etrabynyň düzümine geçirmek; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Kasamly jülge obasyny, Gäwers geňeşliginiň Guryhowdan obasyny hem-de Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Birleşik obasynyň ilatynyň 50 adamdan azlygy sebäpli, Birleşik obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Döwletabat obasynyň we Garaman geňeşliginiň Garaman obasynyň Sarahs şäherine birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirip, Döwletabat obasyny hem-de Garaman geňeşligini, şeýle hem Garaman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; şeýle hem iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla geňeşligini ýatyryp, onuň Akýaýla obasyny we Berkararlyk şäherçesiniň Balykçy obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşligini ýatyryp, onuň Gäwers hem-de Gäwers bekedi obalaryny Bereketli zaman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň A.Garlyýew adyndaky obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine, Garajaowlak obasyny bolsa, Garawekil geňeşliginiň düzümine geçirmek; Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Şükür bagşy adyndaky obasyny Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Tejen etrabynyň Lukman geňeşligini ýatyryp, onuň Lukman obasyny Waharman geňeşliginiň düzümine geçirmek; Tejen etrabynyň Seleňli geňeşligini ýatyryp, onuň Seleňli obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň çäginde Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplary, 8 sany etrapdaky şäherleri, 9 şäherçäni, 82 Geňeşligi we 231 sany obany galdyrmak maksadalaýyk hasaplanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatda daşary ýurt ýolbaşçylarynyň forumyna taýýarlyk ilata kynçylyk döretdi
Aşgabada owalkylar ýaly, regionlaryň maşynlaryny goýbermeýärler
Aşgabadyň iri banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýar