Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedildi

Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedildi

Arkadag şäheri hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäheriniň häkimligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Şeýle hem Arkadag şäherinde Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi.

Arkadag şäheriniň häkimligine Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleriniň gurluşlarynyň taslamalaryny, işgär sany baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

ВЫЕЗДНОЕ РАСШИРЕННОЕ ЗАСЕДАНИЕ КАБИНЕТА МИНИСТРОВ ТУРКМЕНИСТАНА
Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheri
Türkmen prezidenti kazylary, prokurorlary wezipä belledi
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazyýet edaralarynda işgärleriň ýerlerini üýtgetdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Arkadag şäherinde Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi