Ahal welaýatyndaky täze şähere dakyljak at barada ilatdan teklipler alynýar

Ahal welaýatyndaky täze şähere dakyljak at barada ilatdan teklipler alynýar

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdepde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhammet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde hem-de Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş saparynda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişine bagyşlanylan maslahatlar geçirildi.

Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Olarda döwlet Baştutanynyň täze şähere mynasyp at dakmak barada halkymyzyň arzuw-islegleriniň, teklipleriniň öwrenilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmagyň häzirki döwrüň batyrgaý we örän ähmiýetli başlangyçlarynyň biridigini nygtadylar.

Maslahatlarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçysyna ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtmak bilen, bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň dogry boljakdygyny belländigine aýratyn üns çekildi.

Çykyşlarda raýatlardan, hususan-da, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryndan teklipleriň gelip gowuşýandygy, şol teklipleriň ählisine ünsli garalyp, olaryň degişli hünärmenler tarapyndan öwrenilýändigi hem-de bellige alynýandygy, teklipleriň gelip gowuşmagynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.

Mundan başga-da maslahatlaryň barşynda paýtagtymyz bilen birlikde, welaýatlaryň şäherleriniň we obalarynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylýandygy, ähli ýerde oňyn, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Bularyň ählisi ýurdumyzda durmuş ugurly syýasata üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, Döwlet adam üçindir! diýen şygaryň şol syýasatyň esasy ýörelgesidigi çykyş edenler tarapyndan nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Pagta plany 'doldy', resmiler, çagalar prezidenti 'ýeňiş' bilen gutlady, Berdimuhamedow ogluny sylaglady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy