Türkmenistanyň paýtagtynda we Ahal welaýatynda soňky iki günde ýagan güýçli ýagyn ýol hereketine, infrastruktura we ekin meýdanlaryna uly zyýan ýetirdi. Siliň döremegine, suwuň joşmagyna getiren bu tebigy hadysanyň hatda bolandygyny boýun almaýan hökümet zyýanyň möçberi barada dil ýarmaýar. Azatlygyň Türkmenistadaky habarçylary bolýan ýagdaýlar barada habar berýärler.
Ýagan ýagynyň yzýany Ahal welaýatynyň birnäçe ýerinde sil geldi, sow joşdy. Dürli sosial ulgamlarynda çap bolan wideolarda joşup gelýän bulamak suwuň uly möçberiniň derýa ýaly güýçli akyp gelýändigini görmek mümkin.
Şeýle wideolaryň biri Kaka etrabynda edilip, laý-palçykly suw-siliniň ýollary opuryp, örän çalt akyp barýandygyny görkezýär. Kakada we Arapgalada edilen başga wideolarda gara ýollary we ekin meýdanlary bulamak suw örtüpdir.
Azatlygyň habarçylary Kakadaky ýagdaýy öwrenip, çabgaly howanyň köp maddy zyýan ýetirendigini habar berdiler.
"Kaka etrabynda güýçli ýagmyryň ýagmagy bilen dörän siliň netijesinde ekin meýdanlaryny suw basdy. Siliň akabasyndaky ýollaryň onlarça metre uzaýan bölekleri weýran boldy, olaryň asfalt gatlagyny sil syryp geçdi. Bu pyýada we ulag gatnawynyň durmagyna alyp bardy" diýip, habarçymyz 16-njy maýda gürrüň berdi.
Kaka etrabyndaky obalaryň ýaşaýjylarynda güýçli ýagyn we sil gorky we howatyrlanma döretdi.
"Adamlar gorky astyna düşdi. Käbir dinçi adamlardan 'dünýäde ahyr zaman golaýlapdyr' diýen pikirleri eşitmek mümkin" diýip, habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, habar berýär.
Aşgabatdan günorta-gündogar tarapda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Kaka etrabyndaky howa 16-njy maýda 19 gradus we bulutly diýlip, görkezýär. Internetdäki howa maglumatlaryna görä, Kakada öňümizdäki günler bulutly bolup, anna we şenbe günlerinde gök güpürdili tupanyň bolmagyna garaşylýar.
Türkmen metbugatynda sil we tupan barada habar berilmedi. Soňky günlerde döwlet telewideniýesindäki howa maglumatlarynda diňe howanyň ýagyşly boljagy aýdylypdy.
15-nji maýda siliň Ak Bugdaý (öňki Änew) şäherine hem inendigini habar berdi. Ahal welaýatyna degişli bu şähere sil Köpetdag tarapdan gelipdir.
Ak bugdaý Aşgabadyň golaýynda ýerleşýär.
15-nji maýda Aşgabatda ýagan çabga paýtagta hem uly täsir ýetirdi. Daňdan başlanan ýagyn günüň dowamynda gaýtalandy. Suw köçeleri basdy. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary ony tropiki ýagyşa meňzetdiler we suwuň ýollarda derýa bolup akandygyny gürrüň berdiler.
Aşgabatdan ugradylan suratlarda köşelerde sil bolup akýan suwy we seýilbaglardaky agaçlaryň ýarym metre çenli suwda durandygyny görüp boldy.
Habarçylarymyzyň 16-njy maýda paýtagtdan beren habaryna görä, Altyn asyr gündogar bazarynda köp dükanlara suw üýşüpdir. Alyjylar şeýle dükanlara girmekden saklanýarlar we dükanlar müşderisiz girdejisiz galýar.
Ýagyn Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň gündeki durmuşyny kynlaşdyrdy.
"Bagtyýarlyk etrabynyň Gurtly ýaşaýyş toplumy peslikde ýerleşýär, bu ýerde ýagyş suwuny çeker ýaly ýerasty turbalaryň ýokdugy sebäpli hojalyklaryň howlulary suwdan dolup, jaýyň howlysynda ýerleşýän hajathanalardan hem peýdalanyp bolmaýar. Adamlar daşary çykmak üçin geýimlerini dyzyna çenli çermäp, aýaklaryna dyzyna ýetýän rezin ädikleri geýmeli bolýarlar" diýip, habarçylarymyzyň ýene biri gürrüň berdi.
Mundan bir gün öň ýagan ýagyn sebäpli Büzmeýin bilen Gökdepe aralygyndaky ýollary suw aldy.
Habarçymyz ýollaryň gyralarynda ýagyş suwunyň akyp gitmegi üçin ýörite akabalaryň ýoklugy sebäpli ulaglaryň ençemesiniň köl bolup duran ýoluň ortasynda durup galandygyny, suwuň awtoulaglaryň elektrik enjamlarynyň sandan çykmagyna we ulaglaryň hereketsiz galmagyna getirendigini aýtdylar.
Soňky günlerde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde dürli tebigy hadysalar boldy.
14-nji maýda Maryda ýagyn zerarly, Tagtabazaryň golaýynda demirýoluň bir bölegi opuryldy.
13-nji maýda öýlän turan ýel bilen gelen duzly tozan Daşoguzyň demirgazyk- günbatar etraplarynyň ondan gowragyny gurşap aldy. Howada peýda bolan duzly ümür adamlaryň saglyk ýagdaýyny kynlaşdyrdy.
10-njy maýda paýtagtyň demirgazyk böleginde Çoganlyda ýagyş bilen garyşykly buz hem ýagdy. Şonda howada ululygy 4-5 santimetrlik buz bölekleri peýda boldy.
Hökümetiň tebigy hadysalar barada ilaty habarly etmän, ýaramaz täsirlerden goranmak üçin düşündiriş bermezligi türkmenistanlylary nägile edýär we howatyrlanma döredýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.