15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berildi.
Okuw medresesi gurlar
Hajy Arkadagymyz bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary we çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljagyny aýtdy. Çünki türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär, yslam dini bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Arkadagymyz türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe maslahatlaryny we tekliplerini aýtdy.
Metjidiniň gurluşygyna başlanar we toý sadakasy berler
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetiň azatlygyny, halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baş metjitleriň gurlup ulanmaga berlendigini, olarda asylly ýörelgeleriň, sogap işleriň amal bolýandygyny aýdyp, Ahal welaýatynyň merkezinde hem baş metjidiň gurulmagynyň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz metjit gurmagyň edil ýol we köpri gurmak ýaly sogap işdigini aýdyp, bu asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde zamananyň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Metjidiň il içinde “Allanyň öýi” hasaplanýandygyny aýdyp, hajy Arkadagymyz welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermek hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmegi babatda maslahatlaryny berdi.
Baş metjidi “Altyn” hojalyk jemgyýeti gurar
Soňra hajy Arkadagymyz baş metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, bu ýeriň maksadalaýyk saýlanyp alnandygyna ünsi çekdi. Ýeri gelende, Ahal welaýatynyň baş metjidiniň guruljak ýeriniň Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, 2022-nji ýylyň oktýabrynda kesgitlenendigini belläp geçmek gerek. Şeýle-de bu metjidi gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýokary talaplar bildirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça “Altyn” hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.
Gahryman Arkadagymyz yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi. Şeýle hem hajy Arkadagymyz metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek aýdyp, binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe maslahatlaryny berdi.