Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň dabaraly konserti geçirildi.

Konsertde ilki bilen Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly şygryna, mugallym Seýitnazar Mämmedowyň döreden sazyna mugallym Gülbahar Bagşyýewa we Gülruh Rejepowanyň ýolbaşçylygynda gyzlardan düzülen bagşylar topary aýdym ýerine ýetirdiler.

Soňra bolsa, Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň II ýyl talyby Gurban Kulyýewiň XIX asyr nusgawy şahyry Döwletmämmet Balgyzylyň sözlerine Göwnüm seni atly aýdymyny, Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň III ýyl talyby Akmuhammet Gurbanow Nury Halmämmedowyň, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döreden Esgeriň ýatlamasy-ny, IV ýyl talyp Çary Nurymow dana akyldar şahyryň sözlerine döredilen Armanym galdy hem-de Nury Halmämmedowyň Uýat eýleýir ýaly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Konsertiň dowamynda Wepa Baýramow we Jennet Udenazarow skripkaçylardan düzülen ansambly, gyzlar hor topary bilen bilelikde Nury Halmämmedowyň Uçuň durnalar hem-de N.A.Rimskiý-Korsakowyň Şährizada baletinden sazlary ýerine ýetirdi.

Bu konsertde ýekelikde birnäçe saz eserleri ýaňlandy.Jeren Gutlymyradowanyň ýolbaşçylygynda Türkmen milli saz gurallary bölüminiň I ýyl talyby Bilbil Durdyýewa rus halk sazy Kamarinskaýa, II ýyl talyp Mähri Hojagulyýewa bolsa Gurban Kulyýew we Sapar Mämiýewiň sözlerine Baýramçylyk mukamy, Pýotr Ilýiç Çaýkowskiý Rus tansy ýaly sazlary ýerine ýetirdi.

Fortepianoda Bagtygül Nepesowanyň ýolbaşçylygynda III ýyl talyp Çynar Ataýewa Friderik Şopeniň 2-nji si b minor (B-moll) skersosyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.Soňra Ahmet Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary topary Rejep Rejepowyň Humaý gözli eserini ýerine ýetirdi.

Konsertiň ahyrynda bolsa, Rejep Rejepowyň, Gylyçmyrat Kakabaýewiň sözlerine döredilen Türkmenistan atly aýdymyny mugallym Sylap Amanaliýewiň ýekelikde hor topary we halk saz gurallary orkestri bilen bilelikde ýerine ýetirmek bilen jemlediler. Ýörite sungat mekdebiniň talyplaryny we ýolbaşçy mugallymlaryny tomaşaçylar gyzgyn gutlap, olara gül desse çemenlerini gowşuryp bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Italiýaly pianinoçy Roberto Prosseda Aşgabatda konsert berdi
Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi