Ahal Türkiýede geçiren ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

Ahal Türkiýede geçiren ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

Şu günler Türkiýäniň Kartepe şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan Ahal futbol topary bu ýerdäki ýoldaşlyk duşuşyklarynda ajaýyp netijeleri görkezýär.

Welsähet Öwezowyň şägirtleri bu ýerde ilki bilen Saud Arabystanynyň Al-Safa toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Türkiýäniň Fethiýespor topary bilen geçirilen duşuşyk hem Ahalyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ikinji duşuşykda türkmen toparynyň gollaryny kapitan Elman Tagaýew bilen Daýanç Meredow geçirdi.

Ahal bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de ikisini geçirer. 4-nji awgustdaky garşydaş Saud Arabystanynyň Al-Ahdoud, 7-nji awgustdaky garşydaş bolsa Eýranyň Gol Gohar topary bolar.

Ýene degişli makalalar

2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti