Ahal okuw-türgenleşigini geçmek üçin Türkiýä gitdi

Ahal okuw-türgenleşigini geçmek üçin Türkiýä gitdi

Ahal futbol kluby Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyry we ýakyn wagtda geçiriljek AFK Çempionlar ligasy üçin möwsümden öňki türgenleşigiň çäginde Türkiýäniň Kartepesine okuw-türgenleşigini geçmäge gitdi.

Ol ýerde oýunçylar birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler, şeýle hem tälimçiler toparynyň ýolbaşçylygynda oýun üçin dürli taktikalar taýýarlanylar.

Klubuň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, Ahal Türkmenistana 4-nji awgustda gaýdyp geler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär
27 ýaşynda kuboksyz gelipdi, 27-nji kubogyny asmana göterdi
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Messi Maýamide
Iş nokady Aşgabadyň ýaşaýjylaryny English club duşuşygyna çagyrýar