
Türkmenistanyň öňdebaryjy “Ahal” futbol kluby AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçadaky bäsleşiginiň ikinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň “Dordoý” futbol klubyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy we indiki duşuşygyny “F” toparynyň ýeňijisi bilen geçirer.
Ahal toparyna ýeňiş getirenler Aleksandr Mişenko (awtogol 7 minutda) we Elman Tagaýew
(78 minutda). “Ahal” futbol kluby “E” toparynda 6 utugyny toplap möhletinden öň öz toparynda birinji orna çykmagy başardy.
Awgust aýynyň 11-ne we 25-ne “Ahal” futbol kluby “F” toparyň ýeňijisi bilen duşuşar, şeýle hem bu toparda üstünlilkli çykyş edýän Türkmenistanyň Altyn asyr futbol kluby Gyrgyzystandan Alaý futbol klubyny 5:4 hasaby bilen üstün çykyp, bäsleşigiň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklaýar.
2021 AFK kubogynyň finaly 26-njy noýabrda geçiriler.
www.orient.tm