Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna täze häkim bellenildi

Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna täze häkim bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün geçiren oba hojalyk pudagy boýunça iş maslahatynyň barşynda käbir welaýatlaryň häkimlerini täzeledi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamalara laýyklykda,

Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

***

Döwletgeldi Seýidowiç Babaýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi.

***

Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Maksat Kowusowiç Annanepesow bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işleýärdi.

Ýene degişli makalalar

01.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi
Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi
30.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.B.Kowusow hakynda