Türkmenistanyň Ahal futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň jemleýji ― altynjy tapgyrynda Kataryň Al-Garafasy bilen duşuşdy. Jidda şäherindäki Patyşa Abdalla Sports Siti stadionynda geçirilen duşuşyk Ahalyň 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda 32 ýaşly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň üç pökgi geçirendigini aýratyn bellemeli. Ol pökgüleriň birini oýun pursadynda, ikisini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi. Ahalyň ýene bir pökgüsini bolsa Mirza Beknazarow öz adyna ýazdyrdy. Al-Garafadan bolsa Moaýad Hassan bilen Sofýan Hanni (11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandy.
Şeýlelikde, Ahal dört duşuşyklyk şowusz tapgyrdan soň diňe bir özüniň däl, tutuş türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.
Ahalyň hem wekilçilik eden C toparçasyndan Eýranyň Fulad we BAE-niň Şabab Al-Ahli toparlary ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Al-Garafa bilen Ahal bolsa yklym ýaryşynyň şu möwsümindäki çykyşyny tamamlady.