
Türkmenistanyň Ahal futbol toparynyň oýunçylary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynda BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyndan asgyn geldiler. Duşuşyk Jidda şäherinde geçirildi.
C toparçanyň çägindäki bu duşuşyk 2:1 hasabynda garşydaş toparyň peýdasyna tamamlandy. Şabab Al-Ahliniň gollaryny 13-nji we 45-nji minutlarda argentinaly futbolçy Fede Kartabýa geçirdi. Ahalyň ýeke-täk pökgüsi bolsa 74-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň geldi.
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-däki indiki duşuşygyny Kataryň Al-Garafasy bilen geçirer.
Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşygyndan ozal Ahal 1 utuk bilen iň soňky orny eýeleýär. 11 utuk toplan Eýranyň Fulad topary wagtyndan ozal ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy. 9 utukly Şabab Al-Ahli ikinji, 5 utukly Al-Garafa üçünji orunda.