Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasy üçin 26 futbolçyny Saud Arabystanyna alyp gitdi

Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasy üçin 26 futbolçyny Saud Arabystanyna alyp gitdi

Ahal toparynyň tälimçiler düzümi Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bölegi üçin futbolçylaryň 26-syny saýlap aldy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Çeşmäniň ýazyşy ýaly, Ahal yklym ýaryşynda aşakdaky futbolçylar bilen çykyş eder:

1. Gurban Annaýew

2. Gurbanguly Aşyrow

3. Şanazar Tirkişow

4. Hoşgeldi Hojowow

5. Öwezmyrat Öwezmyradow

6. Elman Tagaýew

7. Amir Gurbany

8. Abdy Bäşimow

9. Rasul Çaryýew

10. Meýlis Diniýew

11. Ata Geldiýew

12. Resul Hojaýew

13. Selim Nurmyradow

14. Mirza Beknazarow

15. Ybraýym Mämmedow

16. Arzuwguly Sapargulyýew

17. Serdar Geldiýew

18. Arslanmyrat Amanow

19. Şöhrat Söýünow

20. Didar Durdyýew

21. Döwran Hojamämmedow

22. Azatmuhammet Hojamuhammedow

23. Daýanç Nuryýew

24. Daýanç Meredow

25. Rüstem Ahallyýew

26. Muhammet Öwezow.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň wise-çempiony Ahal toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde C toparçasynda çykyş edýär. Toparymyzyň toparçadaky garşydaşlary Fulad Huzestan (Eýran), Şabab Al-Ahli Dubaý (BAE) hem-de Al-Garafa (Katar) toparlary bolar.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparçalaýyn bäsleşigiň jemi boýunça her toparçanyň ýeňijisi (her sebitden bäş topardan) bilen ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezenleriniň altysy (her sebitden 3 topar) 1/8 finalda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

1-nji tapgyr: Ahal — Şabab Al-Ahli Dubaý (7-nji aprel); 2-nji tapgyr: Al-Garafa — Ahal (10-njy aprel); 3-nji tapgyr: Fulad Huzestan — Ahal (14-nji aprel); 4-nji tapgyr: Ahal — Fulad Huzestan (18-nji aprel); 5-nji tapgyr: Şabab Al-Ahli Dubaý — Ahal (22-nji aprel); 6-njy tapgyr: Ahal — Al-Garafa (26-njy aprel).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Grenlandiýanyň ýygyndysyny uly hasap bilen utdy
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy