Agzaçar bermek däbi ÝUNESKO-nyň sanawyny girizildi

Oraza aýynda agzaçar bermek däbiniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi habar berildi.Musulman ýurtlarynda köp asyrlardan bäri dowam etdirilýän bu däbiň degişli sanawa alynmagyny Azerbaýjan, Eýran, Özbegistan we Türkiýe döwletleri teklip edipdir.

Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde agzaçaryň jemgyýetiň arasynda dowam edýän däpdigi bellenildi.Agzaçaryň bütin dini däpler ýerine ýetirilenden soňra, oraza aýynyň dowamynda Gün batan wagty ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Bu baradaky beýanatda agzaçaryň adatça maşgala we jemgyýetiň arasyndaky baglylygy berkidýän we birek-birege ýardam berilýän, raýdaşlygy we sosýal gatnaşyklary ilerledýän ýygnanyşyklar ýa-da tagamlardygy bellenildi.

Şeýle hem, agzaçar däbiniň adatça maşgalanyň içinde nesilden-nesle geçýändigi we milli tagamlary taýýarlamak işiniň adatça çagalara we ýaşlara ynanylýandygy aýdyldy. Mundan başga-da, beýanatda agzaçar däbiniň oraza aýynyň dowamynda agyz beklemäge borçly däl adamlar tarapyndan hem ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

5-nji dekabrda başlan mejlis aýyň 9-na çenli dowam edýär. Mejlisiň çäginde dürli ýurtlaryň milli gymmatlary bu sanawa girizildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawy mälim edildi
Türkmenistanda şu ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy