Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri

Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt tekliplerimizi dykgatyňyza ýetirmekçi.

Stomatit, ýagny agyz ýaralary, agzymyzyň içinde emele gelýän dokuma bozulmasydyr. Şol dokuma bozulmalarynyň birnäçe sebäbi bardyr.

Agyzyň arassaçylygyna ünüs berilmese ýa-da kadaly arassaçylyk edilmese agyz ýaralary emele gelip bilýär. Dişleriň kadaly arassalanmazlygy bilen birlikde günüň dowamynda agyzyň içiniň ýygy-ýygydan ýuwulmagy hem-de çaýkalmagy hem agyz boşlugynyň saglygyny üpjün edýär. Eger şeýle bolman halatynda agyz içi ýaralaryna sezewar bolarsyňyz.

Aşa yssy ýa-da sowuk içgileri içmek hem agyz ýaralarynyň emele gelmegine sebäp bolýar.

Ýokanç kesellere uçranyňyzda bedeniň çydamlylygynyň peselmegine baglylykda agyzyň içinde ýara çykyp bilýär.

Uzak möhletli we kadaly antibiotik içmek hem agyz ýaralaryna sebäp bolýar.

Aşa ýagly, süýjüli, aşgarly azyklary ýygy-ýygydan iýmek, gysgaça aýdylanda sagdyn iýmitlenmezlik agyz ýaralaryna sebäp bolýar.

Stress, depresiýa, aşa aladalanma, gaýgylana ýaly psikiki ýagdaýlar hem agyz ýaralarynyň peýda bolmagynyň sebäplerinden kabirleri.

Agyz ýaralaryna we stomatite tebigy çözgüt teklipleri:

Karbonat

Eliňizi sabynlap ýuwandan soň barmagyňyzyň ujy bilen agyz boşlugyňyzdaky ýara karobat çalyň.

Alma Sirkesi

Bir çaý çemçesi alma sirkesini bir käse suwa goşup, agzyňyzy 30 sekunt bilen 1 minudyň aralygynda çaýkaň. Soň sirkäniň dişiňize zyýan ýetirmezligi üçin agzyňyzy sap suw bilen çaýkamak maslahat berilýär. Alma sirksi bilen günde bir gezek çaýkamaly.

Buýanyň köki

Buýanyň köki agyz boşlugynda emele gelýän iriňleri aýyrmak üçin peýdalydyr. Buýanyň köküni gaýnadyp, agzyňyzy çaýkamak maslahat berilýär.

Kiwi

Kiwi, düzüminde antioksident mukdary ýokary bolan miwelerden biridir. agyz boşlugynda emele gelýän zaýalanmalary gysga möhletde aýyrmak üçin kiwi iýiň.

Käkilik Oty

Bir datly çemçesi käkilik otuny ýuwutman çeýnäň.

Tudana

Gara tudananyň özi ýada onuň suwuny we ýara çalmak peýdalydyr.

Gwozdika

Gwozdikanyň tohumyny çeýmenek maslahat berilýär.

Goşmaça sink witaminleri

Demir, foli aşgary, B12 witamini ýa-da sink maddasynyň ýetmezligi hem stomatite sebäp bolýar. Goşmaça sink maddasyny almak, stomatitiň ýygylygyny azaldyp, immunitet ulgamymyzy güýçlendirýär.

Kokos Ýagy

Kokos ýagy agyz boşlugyndaky zyýanly bakteriýalaryň kabirlerini aýyrmak üçin peýdalydyr. Bir çorba çemçesi kokos ýagy bilen agzy çaýkamak, köne bejergi usullaryndan biridir. Ylmy barlaglardan birinde kokos ýagy bilen günlük agyz çaýkamagyň dişdäki zyýanly gatlaklary azaldýandygy we agyz ýaralarynyň bejerilmegini üpjün edýändigi beýan edilýär.

Limon

Limonuň suwy bilen kadaly agyz çaýkamak agyz boşlugyndakyýaralaryň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

Petruşka

Petruşkanyň ýapragyny çeýnemek agyz ýaralarynyň aýrylmagy üçin maslahat berilýär.

Beýi

Bir dilim beýini ýaranyň üstüne basyp, owmak siziň üçin çözgüt bolup biler.

Duzly suw

Agzy duzly suw bilen çaýkamak, stomatitleriň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Ýarym käse ýyly suwa bir çaý çemçesi duzy erediň we şonuň bilen agzyňyzy 15-30 sekunt çaýkaň. Güniň dowamynda birnäçe gezek duzly suw bilen agyz çaýkamak maslahat berilýär.

Gwozdika ýagy

Stomotitler agyryly bolup bilýär we gwozdija ýagynyň agyzyň agyrylaryny rahatlandyrýandygy bilinýär. Gwozdika, taryhda diş agyrysynyň bejergisinde hem ulanylypdyr.

Sumah

Gerek bolan önümler:

1 nahar çemçesi sumah

1 datly çemçesi organiki alma sirkesi

1 käse suw

Taýýarlanyşy:

Suwy bir gapda gaýnadyň. Suw gaýnandan soň sumahy goşup, ýene-de 2-3 minut gaýnadyň. Ergini soradyň we oňa sirke goşup, garyn. Sowandan soň süzüp, agzyňyzy çaýkaň.

Ýene degişli makalalar

Kokos ýagynyň peýdalary….
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Aşa köp derlemäniň öňüni almagyň tebigy ýollary
saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary