Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy

Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy

Hepdäniň başynda Türkmenistanyň günorta sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, sürüjiler ýagyşdan soň, käbir köçelerde ulag dolandyrmakda heniz hem kynçylyk çekýärler. Şeýle-de sebitiň käbir ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleri ýagyş suwlarynda zaýa boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Ýaňy-ýakynda Gyzylarbat etrabynyň Bendesen obasyndan ilki Bäherden etrabynyň Börme obasyna, soňra paýtagt Aşgabada şahsy ulagynda sapar eden bir ýerli ýaşaýjy syýahatyň birinji böleginde, Bendesenden Börme obasyna aşýança, ýollarda güýçli ýagşyň emele getiren oýuklaryna şaýat bolandygyny gürrüň berýär.

“Awtoulagy ýuwaş tizlik bilen sürmeli boldy. Käbir ýerlerde sil suwlary ýollarda oýuklary emele getiripdir” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

24-nji iýunda ýurduň günortasyndaky daglyk sebitde güýçli ýagyş ýagdy. Ýerli ýaşaýjylar Bendesen obasyna gelen siliň ilatyň mellek ýerlerinde eken gök-bakja ekinlerine, şol sanda käşir, gök sogan, ukrop-petruşka ýaly ýetişen gök ekinlere zyýan ýetirendigini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjy Bendesenden Börme obasyna barýan ýoluň tas 15 kilometrinde sil suwlaryndan soňra oýuklaryň we jaýryklaryň emele gelendigini gürrüň berýär.

Bendesen obasy daglyk sebitde ýerleşýär, Börme obasy Köpetdagyň demirgazyk eteginde ýerleşýär. Bu iki obanyň arasyndaky göni uzaklyk takmynan 25 kilometr, ýöne iki ilatly ýeriň arasyny dag gerişleri kesýär. Şonuň üçin bendesenli ýaşaýjylar Börme obasyna barmak üçin, ilkibaşda, 60 kilometr çemesi günbatarda ýerleşýän Gyzylarbadyň etrap merkezine baryp, şol ýerden awtobana çykýarlar.

“Meteožurnal” neşiri hem Balkan we Ahal welaýatynyň käbir sebitlerinde 23-nji iýunda çabgaly ýagyşlaryň bolup geçendigini habar berdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri hem 14-15-nji iýunda Uly Balkan daglarynda ýagan güýçli ýagyşlaryň dag eteklerinde ýerleşýän sebitlerde suw joşmalaryna getirendigini habar berdi.

Bendesenden paýtagta sapar eden ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde ýollarda sil suwlarynyň netijesinde emele gelen oýuklarynyň deňinden ulagda aýlanyp geçmäge mejbur bolandygyny gürrüň berýär.

Türkmenistanyň döwlet mediasy we hökümet gözegçiligindäki elektron neşirler ýurduň günorta sebitlerinde bolup geçen çabgaly ýagyşlar, suw joşmalary we sil suwlarynyň getiren netijeleri barada habar bermeýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bendesenli ýaşaýjynyň oba infrastrukturalaryndaky zeper ýetmeler we ýollaryň düzedilmegi, sil suwlarynyň getiren netijeleriniň aradan aýrylmagy boýunça hökümetden we ýerli häkimiýetlerden nähilidir bir ýardama garaşyp-garaşmaýandygy bilen gyzyklandy.

“Biziň hökümetden tamany üzenimize 20 ýyl boldy. Zyýan ýetirmese razy, haýryndan geçdik” diýip, bendesenli ýaşaýjy lapykeçlik beýan etdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen hepdede Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda howpsuzlyk gulluklarynyň sil suwlaryndan ejir çeken hojalyklara maddy ýardamlary berýän telekeçileri gorkuzmalara sezewar edýändigini habar berdiler.

Bu barada Kaka etrabynyň ençeme ýaşaýjysy we Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatynyň kanun goraýjy edaralaryndaky ygtybarly bir çeşmesi maglumat beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ozalky ýyllarda bolup geçen adatdan daşary tebigy hadysalarda hem zyýan çeken hojalyklara raýdaşlyk bildirip, olara ynsanperwer ýardamlary berýän telekeçileri we beýlekileri soraga çekipdi.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde şu ýylyň maý aýynda howa çygly boldy, bu çyglylyk günorta we günbatar sebitlerde iýun aýynda hem birnäçe gün dowam etdi.

Azatlyk Radiosy ýurduň günorta sebitlerinde bolup geçen güýçli ýagyşlaryň ýol açan netijeleri boýunça ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hindistanly maşgala köne awtoulagy bilen hoşlaşyk dabarasyny gurady
Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldy
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Ulaglary ada geçirmek, guratlyk barlagy gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi
Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär