21 ýaşly agyr atletikaçy Polina Gurýewa ştanga götermek boýunça 59 kilograma çenli agramda çykyş etdi. Ol umumy netijede 217 kilogram agramy göterip, kümüş medala mynasyp boldy.
“Gurýewanyň Altyn medal gazanmagy mümkin däldi. Çünki bu agramda dünýäniň rekordsmeni Taýwany Sin-Çun-Kwo bardy” diýip Live Result belleýär. Sin-Çun-Kwo Türkmenistanly bäsdeşinden umumy netijede 19 kilogram köp agram göterdi.
23-nji iýulda açylan Tokiýo 2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 9 sany türgeniň gatnaşýandygyny “Türkmenistanyň Hronikasy” owal habar beripdi.
Mundan owal 100 metr aralyga ýüzmekde zenanlaryň arasyndaky saýlama bäsleşigine 19 ýaşly Darýa Semýonowa we erkekleriň arasyndaky saýlama ýaryşyna 26 ýaşly Merdan Ataýew dagy gatnaşdylar.
Darýa Semýona ilkinji ýaryşda 47 sany ýüzüjiniň arasynda 39-njy orunda pellehana geldi we olimpiýa ýaryşlardan çykarylypdy.
Merdan Ataýew bolsa, 41 ýüzüjiniň arasynda 34-nji orunda pellehana gelip,jemleýji çärýek ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.
Emma, Ataýew 200 metr aralygyna ýüzmekde hem bäsleşer.
Mundan öň Tokiýodaky Olimpiýada oýunlarynda dzýudo boýunça bäsleşýän Türkmenistanly ýeke-täk türgen Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli ilkinji saýlama ýaryşynda Ysraýylly garşydaşy Gili Koenden ýeňlip, olimpiýadada ýaryşmakdan çykarylypdy.
“TH-niň” beren öňki maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyldaky Tokiýo Olimpiýadasyna Türkmenistandan gatnaşmak hukugyny agyr atletikaçylar Hojamuhammet Toýçiýew (109 kg), Öwez Öwezow (109 kg), Rejepbaý Rejebow (81kg çenli) Polina Gurýewa (59 kg çenli), Kristina Şermetowa (55 kg çenli ), ýeňil atletikaçy Mergen Mämmedow , dzýudoçy Gülbadam Babamyradowa, suwda ýüzüjiler Merdan Ataýew we Darýa Semýonowa dagy gazandylar.The post Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýadanyň ilkinji kümüş medalyny gazandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.