Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlileriň altylygynda

Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlileriň altylygynda

Türkmen türgeni Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlüleriň altylygyna girdi. Şu agramda 14 ýurtdan zenan türgenler baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdiler.

Ildeşimiz birinji synanşygynda 90 kg ştangany silterläp ýeňil göterdi. Ümürbek Bazarbaýewiň 28 ýaşly şägirdi Kristina üç synanşygyň ikisinde bellän agramyna bäs geldi, ol ilki 111 kg, soňra 115 kg ştanga götermegi başardy.

Soňky synaşykda 117 kg agramy göterip bilmedi.Ol jemi 205 kg (90+115) netije bilen ýetginjekleriň arasynda düýnä çempiony, 2021-nji ýylda Ýewropa çempiony bolan, Olimpiadada 5-nji orna düşen Ukrainaly Kamila Konotopdan 1 kg we Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisini, bu Olimpiadada dördünji orny eýelän özbegistanly türgen Muattar Nabiýewadan 7 kg az agram göterdi.

Bürünç medaly 213 kg (90+123) ştanga bäs gelen dünýäniň üç gezek çempiony Zulfiýa Çinşanlo (Gazagystan) eýeledi.Kümüş medala dünýä çempiony, ştangany silterläp götermekde (102 kg), itekläp götermekde (129 kg) jemi 227 kg netije bilen dünýä rekordyny goýan hytaýly Lýao Sýuýun eýeledi.

Itekläp götermekde we iki synanşygyň jemi boýunça olimpiýa rekordlarynyň ikisini goýan 30 ýaşly filippinli Hidilin Dias ilkinji gezek Olimpiýa çempiony boldy.Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň uçurymy Kristina Şermetowa dört ýyl mundan ozal Anahaýmda (ABŞ) geçirilen dünýä çempionatynda kümüş baýrak ugrunda bäsleşikde häzirki Tokio olimpiadasynyň çempionyndan 5 kg agyr ştanga göteripdi.

Bu gezek bolsa Hidilin Dias ildeşimizden 19 kg ýokary netije görkezdi.

Tokio Olimpiadasynda türgenleriň 9-sy Türkmenistana wekilçilik edýärler, olar sportuň dört görnüşinde - dzudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça bäsleşiklere gatnaşýarlar.

Dzudo boýunça Türkmenistanyň ýeke-täk wekili Gülbadam Babamyradowa Ysraýylyň ençeme gezek çempiony Gili Koenden asgyn gelip, Oýunlarda çykyşyny tamamlady.

Tokionyň Akwatik sentrinde ýüzüjilerimiz ilkinji bäsleşiklere gatnaşdylar. Toparymyzdan iň ýaşy 19 ýaşly Darýa Semýonowa brass usulynda 100 metr aralygy 1 minut 16,37 sekuntda geçdi. Şeýle bolsa-da, onuň bu netijesi 2019-njy ýylda Kwanjuda (Koreýa Respublikasy) geçirilen dünýä çempionatyndakydan 0,36 sekunt, Darýanyň 14 ýaşynda ilkinji gezek gatnaşan Rio-de-Žaneýroda Olimpiadasyndakydan 3,47 sekunt ýokarydyr.

Aşgabatdan 26 ýaşly halkara derejeli sport ussady Merdan Ataýew arkan ýatyp 100 metr aralyga ýüzmekde 55,24 sekunt netije görkezdi, munuň özi onuň goýan Türkmenistanyň rekordyndan 0,33 sekunt pesdir.

28-nji iýulda Merdan Ataýew olimpiýa ýaryşlarynyň ýene bir görnüşinde arkan ýatyp 200 metre ýüzmekde bäsleşige goşular.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýüzüjileri Tokio Olimpiadasynda çykyşlaryny tamamladylar
Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy Tokiýodaky çykyşlaryny tamamlady
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýadanyň ilkinji kümüş medalyny gazandy
Türkmenistan Olimpiýa oýunlarynda garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji medalyny gazandy
Iki türkmen sportçysy Tokio olimpiadasynda ýaryşdan çykdy
Türkmen türgenleri Tokiodaky koronawirus aladalarynyň arasynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar