Agyr atletika boýunça DÇ-nyň açylyş dabarasy Berdimuhamedowyň kitaplary esasynda gurnaldy (foto)

1-nji noýabrda Türkmenistanda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty başlandy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, açylyş dabarasy prezidentiň kitaplarynyň äheňleri boýunça taýýarlanylan “owadan sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen utgaşýar”.

Birinji bölüm “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylýar.TDH-nyň habar bermegine görä, bu pursatda meýdançada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň giň gerimli şekili peýda bolýar.

Tomaşanyň ikinji bölümi “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýlip atlandyrylýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, tomaşa wagtynda döwlet baştutanyň behişdi bedewler hakyndaky kitabyndan tymsallar belent ruhda ýaňlanýar. Şol pursatda art aýaklarynda ýöräp, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Akhan atly bedew peýda bolýar.

Tomaşa “Amul-Hazar 2018” awtorällisine bagyşlanan görnüş bilen dowam etdirilýär.

Meýdança sport awtomobili girýär hem-de simwoliki aýlaw edýär diýip, neşir habar berýär.Belleýäris, bu şol bahasy ýarym million ýewro bolan we prezidentiň ýaryşa gatnaşan awtomobildir.

Öz adyny prezidentiň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” kitabyndan alan bölüm türkmen halkynyň däp-dessurlaryna bagyşlanýar.

Dabara ähli gatnaşyjylaryň prezidentiň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan! diýen aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.

1 of 4

Gurbanguly Berdimuhamedow şol gün Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Çempionatyň geçişi hakynda maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen AOG-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige ynam bildirdiler.

Sport çäreleri 10-njy noýabra çenli dowam eder. Ýaryşlarda 201 medal: 67 altyn, 67 kümüş we 67 bürünç gazanylar. Çempionata täjigistanly sportsmenler gatnaşmaýar, olar Türkmenistana wiza alyp bilmediler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň golaýyndaky aýlaw çatrygynda täsin bina gurulýar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi