Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi

Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi

“Ene-ataňyzyň gaharyny getirmäň, olara agtyk sowgat beriň”. Indi öz ogly bilen gelniniň üstünden kazyýete ýüz tutan gartaşan ene-ata kazydan hut şu sözleri eşitmek isleýär. Emma olaryň ogludyr gelni-de ýan bererli däl, olar asla çaga islemeýärler we özümiz üçin ýaşajak, durmuşyň hezilini görjek diýip aýak direýärler.

Emma ene-atanyňam sabyr käsesi doldy, agtyk bolmasa, kazyýetde gepleşeris diýip, Sanjiw Ranjan Prasad we onuň aýaly Sadhana Prasad ata-ene bolaslarynyň gelýändiklerini aýdýarlar.Köçede kiçijik çaga görseler, olaryň gözlerine ýaş aýlanýar.

Ogullary bilen gelni bolsa, eýýäm alty ýyldyr, özleri üçin ýaşaşyp ýör.Emma garrylar olara berk talap bildirdiler— ýa-ha agtyk beriň, ýa-da lomaýja jerime töläň.Jerime-de az däl, tegelek 50 million hindi rupiýasy diýip, hukukçy Arwind Kumar Şriwastaw ýylgyryp gürrüň berýär.

50 million rupiýa diýeniň 658 müň ABŞ dollary, ene-ata munça puly ogullaryny okatmak üçin harçlandyklaryny aýdýarlar. Ogullary munça pula ABŞ-da uçarmanlykdan okady.

Hindistanda çagany Taňrynyň beren peşgeşi hasaplaýarlar, hamyla zenanlary depelerine täç edýärler, çaga dograndan soň olaryň hormaty has-da artýar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”
Ýol polisiýasy ýaşyl döwlet belgili awtoulaglary awlaýar
“Şwesiýa Bilen Finlýandiýanyň NATO Agzalygynyň Jerimesi Agyr Bolar”
Türkmenistanda 'bidüzgünçiligi ýüze çykarmak' çäreleri bat alýar
Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)
“Putin we Ýurdy Söweşiň Jerimesini Çeker