Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi

28-30-njy noýabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergisi geçirildi.

Halkara sergi oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýy bu ýerde öz önümlerini görkezdiler. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan, Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we Özbegistandan gatnaşyjylar halkara sergide öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Olarda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara üns çekildi.

Türkiýäniň kompaniýalary dürli gaplaýjy maşynlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy ulgamlaryny tanyşdyrdylar.Russiýaly telekeçiler ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan häzirki zaman gurluşlary we ekologiýa babatda alyp barýan işleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyrýarlar.

Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goramak üçin mineral dökünler, tohumlaryň we önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýan daşary ýurtly işewürleriň diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Sergide Lebiz plastik, Ýedidogan Nur, Garagum, Toprak kärhanalary öz öndürýän gaplama önümlerini görkezdiler.Dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly olar öz işlerini barha kämilleşdirýärler.Sergide Arçalyk, Sada suw hususy kärhanalarynyň, Ýakymly kümüş suwy we Mahmal Zip hojalyk jemgyýetleriniň arassa agyz suwlarynyň, tebigy gök-bakja, miwe şireleriniň köp görnüşi hödürlenilýär. Şeýle-de Parahat hususy kärhanasynyň belli Joş, Eçil haryt nyşanly miwe suwlary, sowuk çaýlary, şöhlatlary, çaga iýmitleri, uzak möhlete niýetlenen süýt önümleri, ýerli tebigy önümlerden taýýarlanan pomidor goýaltmasynyň we ketçubyň dürli görnüşleri bar.

Süýt önümlerini öndürýän Sahabatly hojalyk jemgyýeti ýaly belli kärhanalar sergi meýdançasynda öz harytlaryny görkezdi. Şerbet Market, Halk Market dükanlary hem diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Ulularyň hem-de çagalaryň söýgüli tagamlaryny öndürýän Erteki haryt nyşanly doňdurma önümleri sergä gelýänler üçin aýratyn özüne çekiji boldy.Hasar, Täze aý, Mekan, Kilwan, Bars, Altyn şöhle ýaly hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklarynda süýji-köke önümleri ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu ýerde baýramçylyk bezegindäki çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.

Diwarlyklarda döwletimiz tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde hem-de ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen miwe, gök-bakja önümleriniň köp görnüşleri görkezildi.

Umuman, bu sergi ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlerde uly üstünlikleri gazanmaga täze itergi berjek möhüm wakadyr.

Ýene degişli makalalar

17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Baştutany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy