“Agro Pack Turkmenistan 2024” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär

“Agro Pack Turkmenistan 2024” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýen Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 2024-nji ýylyň 15-17-nji maýynda “Agro Pack Turkmenistan 2024” azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler.

Bu sergä Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Agro-Pack Turkmenistan” sergisi bilen birlikde “Turkmen Food 2024” sergisi hem geçiriler. Bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Sofuar” kompaniýasy gurnaýar.

Sergä gatnaşyjylar esasan şu ugurlar boýunça önümlerini we hyzmatlaryny hödürlärler:

Türkmenistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Gollandiýanyň, Eýranyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň 77-si geçen ýyl geçirilen “Agro Pack Turkmenistan 2023” sergisine gatnaşdylar.

Serginiň resmi web sahypasy: ashgabat.agro-pack.com

Ýene degişli makalalar

Yupekchi Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food sergisinde BOLD Mango-kokos içgisini tanyşdyrýar
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Ertir Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açylar
Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar
Maý 2024: Aşgabatda “Agro-Pack Turkmenistan” sergisi geçiriler
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar