AGB kompaniýalaryň obligasiýalary arkaly maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär

AGB kompaniýalaryň obligasiýalary arkaly maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär

Türkmenistan maýadarlaryň maliýe amallaryna gatnaşmaklary üçin täze mümkinçilikleri hödürlemek bilen özüniň gazna bazaryny ösdürmegi dowam edýär. Hususan-da, Aşgabat gazna biržasy arkaly birnäçe iri türkmen kompaniýalarynyň obligasiýalary satlyga çykarylypdyr. Munuň özi maýa goýmak we pul serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda birnäçe kompaniýalaryň obligasiýalary peýda boldy. Şolaryň içinde “Tibet Türkmen” HJ, “Lebap et önümleri” AGPJ, “Köpetdag-Lada” AGPJ, “Akar tekstil” we “Hazar logistik” hojalyk jemgyýetleri bar. Bu emitentler milli obligasiýalara maýa goýmaga isleg bildirýän maýadarlar üçin dürli şertleri hödürleýärler.

“Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýeti emissiýanyň umumy bahasy 10 million manada barabar bolan, 1 müň manatlyk nominally obligasiýany ýerleşdirdi. “Lebap et önümleri” AGPJ ýerleşdirmegiň umumy möçberi 6 million manada deň bolan, her biriniň bahasy 100 manat bolan obligasiýany teklip edýär. “Köpetdag-Lada” AGPJ, “Akar tekstil” we “Hazar logistik” hojalyk jemgyýetleriniň her biri 10 million manatlyk obligasiýalary ýerleşdirdi.

Bularda her bir obligasiýanyň nominal bahasy 1 müň manatdyr.

Türkmen ykdysadyýetini ösdürmek işine gatnaşmaga mümkinçilik berýän bu obligasiýalar maýadarlar üçin durnukly we girdejili gurallary hödürleýär. Gazna biržasy arkaly obligasiýalaryň ýerleşdirilmegi kompaniýalar üçin maliýe serişdelerini çekmäge we olaryň çeýeligini kämilleşdirmäge şert döredýär. Bu öz gezeginde, maliýe durnuklulygyna we işewürligiň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

2016-njy ýylda Aşgabat gazna biržasynyň açylan wagtyndan bäri 46 söwda sessiýalary geçirilip, olaryň barşynda 88 million manatlyk 77 geleşik hasaba alyndy. Birža teklipleriň gerimini giňeltmek we täze gatnaşyjylary çekmek ugrunda işleri alyp barýar.

Maýadarlar üçin häzirki teklipler we mümkinçilikler barada goşmaça maglumat almak üçin 46-86-27, 46-85-82 telefon belgilerine ýüz tutup ýa-da Aşgabat gazna biržasynyň agb.com.tm salgyly resmi web-saýtyndan öwrenip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi
2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär