Agama“ alpkluby mümkinçiligi çäkli adamlar üçin uýgunlaşdyrylan gaýa çykmak boýunça festiwal gurandy

Ak hasa Halkara güni Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň agzalary ilkinji gezek Demirýolçy“ Bedenterbiýe-sagaldyş merkezindäki Agama“ alpinistler klubynyň türgenleşik meýdançasyna geldiler.Bu ýerde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin uýgunlaşdyrylan gaýa çykmak boýunça festiwal geçirilip, oňa maýyp adamlaryň kyrkdan gowragy gatnaşdy.

Maýyp adamlary dikeltmekde täze ugry Agama“ alpkluby, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti, Maýyplary goldamak merkezi, BMG-nyň Türkmenistanyň zenanlary“ düzümi, Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar gaznasy gurnadylar.

-Halkara bileleşigi senenamada şanly we taryhy seneleriň ençemesini belläpdir,-diýip, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň agzasy Leýla Ataýewa gürrüň berýär.-Olaryň arasynda 1969-njy ýyldan bäri bellenilip gelýän Halkara ak hasa güni hem bar.

Onuň döredilmegi- jemgyýeti maýyp adamlara kömek etmäge çagyrmakdyr.Adatça şol gün TKKJ-i seminarlar, duşuşyklar, okuw-türgenleşigini, ak hasaly adamlara kömek zerurlygy barada çykyşlar geçirýär. Ýurdumyzda maýyplar üçin köp işler edilýär.

Pensiýalar we kömek pullary yzygiderli ýokarlandyrylýar.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş syýasaty netjesinde welaýatlaryň ählisinde we paýtagtda beden agzalary ýetmezçilikli çagalar üçin döwrebap dikeldiş merkezleri gurulýar.

Raýatlaryň şu toparyny durmuş taýdan goramak we olaryň ýaşaýşy üçin has gowy şertleri döretmek boýunça gowy kanunçylyk binýady döredildi.

-Şu ýyl mümkinçilig çäkli adamlary alpinistler klubyna çagyryp, olaryň ýeke däldigini, olara düşünip biljekdigimizi ýatlatmak isledik, -diýip Agama“ alpklubynyň başlygy Waleriý Kotwin gürrüň berýär.- Ýöne şu günüň esasy maksady- bedenterbiýe we sport serişdeleri, häzirki ýagdaýda bolsa, gaýa çykmak arkaly maýyplaryň dikelmegine kömek etmekden, olary sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmekden, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň ünsüni olaryň meselelerine çekmekden ybaratdy.

Ýörüte şu gün üçin aşgabatly alpinistler gaýadrom- beýikligi 7 metrlik emeli päsgelçilikli dik diwar ýasadylar.Oňa gatnaşanlar ätiýaçlyk guşagyny dakynýdylar, onuň kömegi bilen ýokary galandaky hereketlerine gözegçilik edilýärdi. Ýaryşýanlaryň ählisi ilki synag bäsleşiklerinde teklip edilen kynçylyklary öwrenenlerinden soň esasy ýaryşa gatnaşdylar.

Teklip edilen wesipäniň çylşyrymlylygyna garamazdan oňa gatnaşanlaryň aglabasy bellenilen wagtda emeli gaýa galmagyň hötdesinden geldiler.Bogdan Kalugin, Didar Selimow, Leýla Ataýewa, Nargül Paşyýewa, Batyr Ataýew, Muhammet Seýidow, Ogulşirin Baýramowa, Arslan Ibragimow, Azat Akmuhammedow dagy has gowy netije görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine diplomlar we guramaçylaryň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Agama“ alpklubynyň ýolbaşçylary uýgunlaşdyrylan gaýa çykmak boýunça ilkinji festiwala gatnaşanlaryň ählisine sertifikatlary gowşurdy.Aşgabatly alpinistler gaýa trenažýorynda geçirilýän ýaryşlara dürli ýaşdaky we mümkinçilikli adamlary yzygiderli çekmegi göz öňünde tutýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi
Prezident Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze öýüniň başlygy saýlandy
Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!