Ýigrimi bäş ýyl mundan ozal jemgyýetçilik guramasy - “Agama” alpinistler kluby dag syýahatçylygynyň, gaýa çykmak sportunyň we alpinizmiň muşdaklarynyň dagynyk toparlaryny birleşdirdi. Häzirki wagtda dag syýahatçylygyny halaýanlaryň ýüze golaýy klubyň agzasy bolup, olaryň aglaba bölegi ýaşlardyr.
Türkmenistanyň alpinistler hereketine 45 ýyl doldy. Tebigaty goraýyş we ekologiýa syýahatçylygynyň düýbüni tutan, Aşgabadyň Pionerler köşgüniň ülkäni öwreniş gurnagyna ýolbaşçylyk eden Wsewolod Podopolskiý, Witaliý Popilow, Haçatur Osipýan, Gennadiý Nasyrow, Wagen Martirosow we beýleki höwesjeňler önuň gözbaşynda durupdylar. Olaryň başlangyjy bilen Aşgabatda şäher syýahatçylar kluby döredilipdi.
Gözel tebigy landşaftlaryň gadyryny bilýänleriň ýüzlerçesi we müňlerçesi syýahatçylyk bilen meşgullanyp ugrady. Şäher klubyna isleg bildirýänleriň ählisi sygmansoň dag, pyýada, suw syýahatçylygyny we speologiýany halaýanlary birleşdirýän özbaşdak gurluşlar döredildi.
Ilkinji ekspedisiýalara gatnaşanlar kanýonlary hem-de Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyk toplumlaryny, Garlyk gowagyny hem-de ýurdumyzyň beýleki tebigy ýadygärliklerini öwrendiler.Nah-mata kombinatynda, 1-nji we 2-nji tikinçilik fabriklerinde, Aşgabadyň nebit maşyn gurluşygy zawodynda, Türkmen döwlet uniwersitetinde we beýleki guramalarda syýahatçylyk boýunça seksiýalar işleýärdi.
Ýetmişinji ýyllaryň başynda kluba Robert Kozubow ýolbaşçylyk etdi, ol instruktorlary taýýarlaýan mekdebi döretdi.Olaryň ilkinjileri B.R.Mareçegiň ýolbaşçylygynda Týan-Şan dagynda taýýarlyk geçdiler. 1972-nji ýylda instruktorlaryň we türgenleriň topary alpinizmde güýjüni synap görmek üçin “Ala-Arça” (Gyrgyzystan) lagerine gitdiler.
Daglara çykmaga gatnaşmaklary olary Aşgabatda alpinizm seksiýasyny, soňra “Zähmet” MSJ-niň ýanynda “Edelweýs” klubyny döretmäge ruhlandyrdy, oňa Aleksandr Tkaçenko ýolbaşçylyk etdi.Moskwadan we Duşanbeden Aşgabada instruktor-metodistler Ýewgeniý Pelehow bilen Ýakow Gurewiç iberildi.
Olar eminler üçin okuwlar geçirdiler we gaýa çykmak sporty boýunça ýaryşlary guradylar. 1977-nji ýylda “Edelweýs” alpinistler kluby Aşgabatda tälimçileriň Bütinsoýuz okuwyny kabul etdi. “Lokomotiw” we “Kolhozçy” MSJ-leriniň ýanynda alpinistler klublary, sebitlerde seksiýalar döredildi.
Türkmen alpinistleri daglara nusgawy we çylşyrymly ugurlar boýunça çykdylar. Olar çylşymlylygyň iň ýokary V “B” derejesi berlen Erkin Ispaniýa, Şşurowskiniň pikine, Uşba, Doňuz Oruna, Ulutau-Çana, Jigite, Şhara, Aýlama belentliklerine çykdylar. Şeýle hem klubyň alpinistleri Kawkaz, Týan-Şan, Pamiro-Alaý daglaryna çykdylar, “Kawkaz” halkara alpinistler lageriniň işine we okuw ýygnanşyklaryna gatnaşdylar.
Ýurudmyz garaşsyzlygyny alandan soň, 1993-nji ýylda “Edelweýs” klubynyň binýadynda “Agama” alpinistler kluby hasaba alyndy. Agama Köpetdasgda we Merkezi Aziýada ýaşaýan suwulgandyr, ol türkmen daglarynyň şertlerine gowy uýgunlaşyp, kert gaýalara çalasynlyk bilen çykýar.
Türkmenistanyň iň beýik depesi bolan Aýrybaba her ýylky gyşky çykyşlary türkmen alpinistleri üçin gowy mekdep boldy. Oňa ilkinji gezek 1998-nji ýylyň fewralynda çykyldy. Gyş aýlary bu belentlige çykylmagy alpinistlerimiziň deňiz derejesinden bäş we ýedi müň metrden belent belentliklere çykylanda duş gelip biljek şertlerine golaýdyr. Gyşky türgenleşikler tejribesinden peýdalanyp, türkmen alpinistleri daşary ýurtlara ekspedisiýalaryň birnäçesinde üstünlikli çykyş etdiler.
2001-nji ýylda 5631 metr belentlikdäki Demawend belentligine (Eýran) çykylmagy ilkinji ýörüşleriň biri bolupdy. Soňra Elbrusa 5642 metr (Russiýa Federasiýasy) we Ararata 5337 metr (Türkiýe) çykyldy. 2017-nji ýylyň awgustynda türkmenistanly alpinistler halkara toparyň hatarynda Kawkazdaky Kazbek dagyna çykdylar.
Soňky ýyllarda klubuň wekilleri ýedi müň metrden belentlikde Türkmenistanyň döwlet baýdagyny parlatdylar.Ildeşlerimiz Han-Teňri pikine - 7010 m, “Pobeda” pikine -7439 m, Korženewskiý pikine 7015 m çykdylar.Olaryň soňkusy geçen ýylyň tomsunda Lenin (Abu Aly ibn Sina) piki 7134 m boldy.
Türkmenistanyň baýdagy bilen birlikde belentlige ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany-da galdyryldy. Şu belentliklere çykmakda “Agama” klubynyň hormatly agzasy Dmitriý Serebrýakowyň uly tejribesi bar.
“Agama” klubynyň agzasy Alekper Ahmedow ýurdumyzda skaýringi (belentlige ylgap çykmagy) esaslandyryjylaryň biri boldy. Ol Köpetdagyň belentliklerine ylgap çykmakda yzygiderli ýokary netijeler görkezýär. Ildeşimiz sportuň ekstremal görnüşleriniň Halkara gözden geçirilişiniň çäklerinde Red Fox Elbrus Race gatnaşyp, Elbrusa çykdy. Ol şu ýyl ýaşy elliden ýokarylaryň arasynda treýlranning ýaryşynda Markotkh Trail-2018-de 56 kilometr medium aralyga ilkinji boldy.
“Agama” alpinistler klubynyň kalendar grafiginde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň howandarlygynda geçirilýän milli derejedäki ýaryşlar kändir.Daglyk massiwlere çykmak boýunça ýaryşlara we köpçülikleýin ylgawlara işjeň durmuş ýörelgesini halaýanlaryň ençemesi gatnaşýar. “Agama” klubynyň Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Çagalar gaznasy bilen bilelikde gurnaýan gaýa festiwaly indi däbe öwrüldi.
Klubyň agzalary şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça etnografik ekspedisiýa-da gatnaşdylar.
-Häzirki wagtda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň beren emeli skalodromly türgenleşik bazasy “Agama” klubynyň ygtyýarynda, - diýip klubyň prawleniýesiniň başlygy Waleriý Kotwin gürrüň berýär.Ol bize klubyň bazasynyň özünde gaýa çykmak endiklerini kämilleşdirmäge we goraglylyk hem-de dürli derejedäki çylşyrymly dik diwarlara çykmak usuluny özleşdirmäge ýardam edýär.
Biz diňe sport işleri bilen çäklenmeýäris.Her ýyl klubyň prawleniýesi ilatyň dürli toparlarynyň gatnaşmagynda daga çykmagy gurnaýar, daýanç-hereket agzalaryna şikes ýeten adamlary syýahatçylyk sapaklaryna çekýär.Geçen ýylyň oktýabrynda göreji boýunça maýyplar üçin gaýa çykmak gözden geçirilişini gurnadyk.
Daga çykyjylaryň howpsuzlygynyň profilaktikasy we barmasy kyn daglyk ýerlerde gözleg-halas ediş işlerine kömek bermek üçin halas ediş otrýady döredildi, ol dagda ejir çekenleri gözlemek we olary äkitmeklik işlerine ençeme gezek gatnaşdy.
Ýurdumyzda alpinizm çalt ösýär, sebitlerde “Agama” toparynyň şägirtleri az däl. Türkmenistanly daga çykyjylar tejribe toplaýarlar we halkara ýaryşlaryna hem-de Gimalaý dagynyň sekiz müň metrlik belentligine çykmaga taýýarlanýarlar.