Anadoly Medeniýet merkeziniň açylyş dabarasyna Bülbülzade gaznasynyň başlygy Turgaý Aldemir, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň we raýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen sebitiň halkynyň ileri gelenleri gatnaşdy.
Hyzmat bermäge başlan Anadoly Medeniýet merkezinde bilim, medeniýet, sungat, dil kurslary, ýazuw we saz kurslary, hünär okuwlary boýunça dersler okadylar.
Afrin Anadoly Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Melih Aý, bu ýerde 300 töwerek okuwçynyň bilim aljakdygyny belläp: "Ynam gurşawyna gowuşan sebitlerde medeniýet merkezlerini açmaga dowam ederis. 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Siriýanyň Azez etrabynda hem Medeniýet merkezi açylypdy" diýip habar berdi.