Afrikanyň ilaty artýar

Häzir dünýäniň ilaty 8 milliarddan geçdi. Birleşen Milletler Guramasynyň habaryna görä, ilatyň köpelmeginiň 80 göterimi, esasan, ösýän ýurtlarda bolup geçer. Hünärmenler ilatyň bu ösüş depgininiň ykdysadyýet, saglyk, bilim we durnukly ösüş babatda uly meseleleri döredýändigini belleýärler.

BMG 2030-njy ýyla çenli dünýä ilatynyň 8,5 milliard, 2050-nji ýyla 9,7 milliard we 2080-nji ýyla çenli, takmynan, 10,4 milliard adam boljakdygyny çaklaýar.

Ýewropa Komissiýasynyň demokratiýa we demografiýa boýunça wise-prezidenti Dubrawka Şuýsa dünýä ilatynyň artýandygyny belläp, tebigy baýlyklar tygşytly ulanylsa, planetanyň şeýle ösüş depginlerine garşy durup biljekdigini öňe sürdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Aziýa ýakyn onýyllykda iň köp ilatly yklym bolup galar (Hindistan ilkinji gezek Hytaýdan öňe geçer). Esasy üns 2050-nji ýyla çenli ilatyň ösüşiniň ýarysyndan gowragyny özünde jemlejek Afrika gönükdirýär.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Ýeriň her üçünji ýaşaýjysy Hytaýda we Hindistanda bolar. Hindistan özüniň iň köp ilaty bilen Hytaýdan öňe saýlanar. Filippinler ýakyn onýyllyklarda dünýä ilatynyň köpelmegine iň köp goşant goşjak ýurtlaryň biri bolar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Afrika 1,4 milliard ilaty bilen dünýäniň iň uly demografik hereketlendirijisi bolup, 2100-nji ýylda bu görkeziji 4,3 milliarda ýeter. 2050-nji ýyla çenli dünýäde ilatyň köpelmeginiň ýarysyndan gowragy Müsürde, Efiopiýada, Nigeriýada, Kongo Demokratik Respublikasynda we Tanzaniýada bolar. “Biziň dünýämiz maglumatlarda” barlag saýtynyň maglumatlaryna görä, Afrika dünýädäki iň ýaş yklym bolup, bu ýerde ortaça ýaş Aziýadaky 31,2, Ýewropadaky 41,7 ýaş bilen deňeşdirilende, 18,6 ýaşdan ybaratdyr.

Afrikaly zenanlar dünýädäki 2,5 çaga bilen deňeşdirilende, ortaça 4,7 çaga dogurýarlar.

Nigeriýa özüniň köp ilaty bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde, takmynan, 220 million adam ýaşaýar, ýöne 2050-nji ýyla 400 milliona çenli ilaty bolar.

2100-nji ýylda Ýer ýüzündäki her on adamdan dördüsiniň afrikaly boljakdygy çaklanylýar. Bu depgin dowam etse, XXI asyryň ahyrynda dünýäniň iň uly üç megapolisi Afrika yklymynda ýerleşer – bular Lagos (Nigeriýa), Kinşasa (KDR) we Dar-es-Salaam (Tanzaniýa) ýaly ýurtlardan ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
Hindistan Dünýäniň Iň Köp Ilatly Ýurdy Bolar
Dünýä ilaty artýar, çaga dogluşy azalýar
Dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi
Tanzaniýada bina çökdi