Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi

Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi

Save The Children (Çagalary halas ediň) atly halkara gurama tarapyndan berilen beýanatda, aşa ýagan ýagyşlaryň we sil apatlarynyň gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetrýändigi habar berildi.

Beýanatda şol sebäpli Mali, Niger we Nigeriýa döwletlerinde takmynan 1 million adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur galandygy aýan edildi.

Sil apatlarynyň ýüz müňlerçe çaga ýaramaz täsir ýetirendigi bellenen beýanatda, ençeme sebitde ýokanç keseller howpunyň artandygy we azk meseleleriň başdan geçirilýändigi mälim edildi.

Aşa ýagan ýagyşlar we sil apatlary sebäpli Mali, Niger we Nigeriýa döwletlerinde 460-dan gowrak adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Boko Harama agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkmen kompaniýasy Yupekchi Food and Beverage West Africa 2024 sergisine gatnaşýar
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi DEAŞ Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Nigerde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 94 adama ýetdi
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy