Afrikanyň ösüş boýunça hyzmatdaşlary yklymda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 30 milliard amerikan dollary möçberde maliýe kömegini bölüp bermekçi. Şeýle çözgüt Dakarda geçen Feed Africa Summit atly üç günlük sammitiň netijeleri boýunça kabul edildi. Sammiti Afrikanyň ösüş banky (AÖB) gurady diýip, Anadolu habarlar gullugyna salgylanýan Inform.kz saýty ýazýar.
Sammitiň ýapylyş dabarasynda çykyş eden Afrikanyň ösüş bankynyň prezidenti Akinwumi Adesina yklymyň azyk ulgamynyň ösüşine geljek bäş ýylyň dowamynda 30 milliard dollardan gowrak maliýe serişdesiniň goýberiljekdigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, munuň 10 milliard dollaryny AÖB bölüp berer.
Afrikany naharlamak: azyk howpsuzlygy we durnuklylyk diýen mowzukda geçen sammitiň işine ösüş boýunça hyzmatdaşlar bolan Afrika ýurtlarynyň döwlet baştutanlary, hususy pudagyň maýa goýumçylary gatnaşdylar. Pikir alyşmalaryň esasy meselesi Afrikada importa güýçli garaşly bolan oba hojalygyny we azyk pudagyny ösdürmek boldy.
Afrikanyň ösüş bankynyň maglumatlaryna görä, dünýäde açlykdan ejir çekýän 828 million adamyň 149 milliony bu yklymda ýaşaýar. Bu bolsa Afrikanyň her bäşinji ýaşaýjysynyň doýa garna iýmeýändigini aňladýar.