Afrikada 5 Ýyl Soň Çaga Ysmazy Wirusyna Gabat Gelindi

Afrikada 5 Ýyl Soň Çaga Ysmazy Wirusyna Gabat Gelindi

BSGG-dan berilen beýannamada ýurduň paýtagty Lilongwede bir çaganyň wirusa ýolugandygy, onuň hem 2016-njy ýylda Nigeriýada ýüze çykan hassalykdan soň ilkinji waka bolandygy habar berildi.

Pandemiýa yglan edilen Malawide laboratoriýadaky testleriň netijesi çaga ysmazy wirusunyň Pakistanda anyklanan wirus bilen arabaglanşyklydygyň kesgitlenendigi mälim edildi.

BSSG-nyň Afrika ýurtlary boýunça Direktory MAtşidiso Moeti çaga ysmazy wirusy ortadan aýyrmadygy saýyn ähli ýurtlara ýokaşma howpunyň dowam etjekdigini nygtady.

Pakistanda we Owganystanda wagtal-wagtal görülýän wirüsün 2020-nji ýylda Afrikadan doly ýok edilendigi yglan edilipdi. 2021-nji ýylda bolsa 5 çaga ýokaşandygy habar berilipdi.

Çaga ysmazy 5 ýaşyndan kiçi çağalarda ýüze çykýan hassalyk hökmünde kesgitlenýär.

Wirus her 200 ýokaşmadan birinde oňurga geçip, ysmaz keseline sebäp bolýar. Ysmaz bolanlardan 5-10 göterimi dem alyş myşsalaryna zyýan ýetýändigi sebäpli aradan çykýar.

Ýene degişli makalalar

Maýmyn Mamasy Wirusy Türkiýede Ýok
ABŞ-da Omikron Sebäpli 1600-dan Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili saglyk görkezmelerini berjaý etmegine ünsi çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar