Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Afrika ýurtlary bilen diplomatiýa, ykdysadyýet, maliýe, howpsuzlyk, goranyş, bilim we saglygy goraýyş ýaly birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.
Hakan Fidan Nigere guran sapary hakynda metbugata beýannama berdi.
Metbugat ýygnagyna Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen birlikde Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar hem gatnaşdy.
Nigere guran saparlarynyň netijeli geçendigini aýdan Hakan Fidan “Afrika ýurtlary bilen diplomatiýa, ykdysadyýet, maliýe, howpsuzlyk, goranyş, bilim we saglygy goraýyş ýaly birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris” diýip, Türkiýäniň 54 Afrika ýurdunyň 44-de ilçihanasynyň bardygyny ýatlatdy.
“Afrika bilen edýän gatnaşyklarymyzy ösdürýärkä şol ýerdäki halklaryň, doganlarymyzyň bähbidine we durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris.Afrika ýurtlarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy biziň üçin diýseň möhüm”diýen Fidan “Somalide edişimiz ýaly Nigerde hem terrora garşy göreşiň çäginde goranyş senagatynyň we razwetka gullugynyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşdyk.
Afrika ýurtlarynda durnuksyzlygyň esasy çeşmesi bolan terrora garşy görüljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.