Ýewropa Bileleşigi soňky wagtlar Afrika yklymyna aýratyn üns berýär. Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň köpüsi bu yklymda ýygy-ýygydan saparda bolýarlar.Golaýda halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissarlary Mawritaniýa we Burkina-Faso ýaly ýurtlara baryp gördüler. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, birnäçe egindeşi bilen birlikde, Addis-Abebada Afrika Bileleşigindäki kärdeşleri bilen duşuşdy. Ýewropa wekiliýetiniň gerimini görüp, hyzmatdaşlygymyzyň näderejede çuňdugyna göz ýetirýäris diýip, Afrika Bileleşiginiň komissiýasynyň başlygy Musa Faki aýtdy.Ýewropa Bileleşigi Afrika yklymynyň ösüşlerine ýardam bermek arkaly, onuň bilen deňhukukly hyzmatdaşlyga bil baglaýar. Ýewropa Bileleşigi bilen Afrikanyň arasynda söwda boýunça öňegidişlik gazanyldy.
Emma hyzmatdaşlygyň esasy ugry howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy bilelikdäki göreş boljakdygy öňe sürülýär. Biz durnukly tehnologiýa maýa goýmaga gyzyklanma bildirýän işewür toparlarymyz bilen gürleşmegi öz üstümize alýarys.
Biz olar üçin, “ýaşyl” tehnologiýa babatda, täze mümkinçilikler açarys diýip, Ursula fon der Lýaýen aýtdy. Dürli ugurlarda, şol sanda, oba hojalygy we energetika pudagynda has ýygjam hyzmatdaşlyk ileri tutulýar.
Bu hyzmatdaşlykda sanly tehnologiýa we beýleki enjamlary ulanmak göz öňünde tutulýar.Bular biziň hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmaly esasy pudaklarymyz bolup durýar diýip, Brýusseldäki “Ýewropanyň dostlary” atly maslahat beriş merkeziniň işgäri Pol Walton belledi.Ýewropa Komissiýasy basym Afrika bilen strategik hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny yglan eder.
Bu strategiýada yklymdaky täsiriňi artdyrmak boýunça bäsdeşligi artdyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.Afrika bileleşigi 1963-nji ýylyň maýynda döredilip, ilki Afrika agzybirlik guramasy diýlip atlandyryldy.Ol häzirki adyna 2001-nji ýylda eýe boldy.
Guramanyň düzüminde 55 döwlet bar.Onuň ştab-kwartirasy Addis-Abeba şäherinde ýerleşýär.Afrika Bileleşiginiň ilatynyň umumy sany 1,27 milliarddan gowrak bolup, esasan, arap, iňlis, fransuz, portugal we Afrika dillerinde gürleşýärler.
Afrika Bileleşigi ýakyn ýyllarda özüniň erkin söwda zolagyny, gümrük bileleşigini, ýeke-täk bazaryny, merkezi bankyny we ýeke-täk pul birligini döretmegi maksat edinýär.Bilermenleriň aýtmagyna görä, eger-de bellenilen meýilnama doly amala aşyrylsa, Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dünýäniň iň uly söwda zolagy bolar.