Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar

Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar

Guramanyň Uly Afrika şahy boýunça resmisi Lisbet Elbreht metbugata beren beýannamasyda howanyň üýtgemeginin sebite ýaramaz täsir ýetirýändigine ünsleri çekdi.

Elbreht kadasyz ýagýan ýagyş, ýylylygyň artmagy, gurakçylyk we güýçli ýagyş sebäpli gelýän silleriň Afrika şahynda howanyň üýtgemeginiň agyr neticelerini ýüze çykarýandygyny we sebitiň iň goragsyz ýerlerden biridigini beýan etdi.

Soňky ýyllarda Afrika şahynda ozal görülmedik käbir wakalaryň başdan geçirilendigini aýdan Albreht; “4 ýyllyk taryhy gurakçylykdan soň geçen ýylyň ahyrynda “El Nino” howa wakasy sebäpli ýumrucy siller geldi. Geçen aýlarda bolsa birnäçe hepde üznüksiz ýagan çabga ýagyş Gündogar Afrikada ýumrucy silleri getirdi” diýdi.

Elbreht soňky hepdelerde Brundide, Efiopiýada, Keniýada, Ruandada, Somalide we Tanzaniýada takmynan 1,6 million adamyň ýaramaz howa şertlerinden zyýan çekendigini nygtap, 528 adamyň ýogalandygyny, 480 müň adamyň bolsa başga ýerlere göçmeli bolandygyny beýan etdi.

Guramanyň resmisi hapalanan suw sebäpli ýoganç keselleriň hem artandygyny duýdurdy.

Ýene degişli makalalar

Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi
Tanzaniýada gaýyk pajygasy başdan geçirildi
Pol Kagame Ruandanyň Prezidentligine gaýtadan saýlandy
Kongo Demokratik Respublikasynda gozgalaňçylaryň hüjüminde 50 adam ýogaldy