AFK-nyň Metbugat gullugy žurnalistleri AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň duşuşyklaryny giňden beýan etmäge çagyrýar

AFK-nyň Metbugat gullugy žurnalistleri AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň duşuşyklaryny giňden beýan etmäge çagyrýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu aýyň 14 ― 20-si aralygynda ýurdumyzyň futbol boýunça çempiony Altyn asyr bilen wise-çempion Ahal AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşynyň toparçalaýyn duşuşyklaryna gatnaşar. Ýurdumyza wekilçilik etjek toparlaryň biri Bişkekde, ikinjisi Täjigistanda ýaryşar.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Metbugat gullugy tarapyndan Turkmenportalyň akkreditirlenen sport žurnalistlerine elektron poçta arkaly hatlar gelip başlady. Olaryň mazmuny, esasan, AFK-nyň kubogy baradadyr.

Şu gün gelen hatda saýtymyzyň akreditirlenen žurnalistleri yklym ýaryşynyň duşuşyklaryny giňden beýan etmäge çagyrylýar we olara duşuşyklaryň wagty ýatladylýar. Şunda türkmen žurnalistlerini we janköýerlerini E hem-de F toparçanyň gyzyklandyrýandygyna aýratyn ünsi çekmek isleýäris.

E toparçanyň duşuşyklary 14 ― 20-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçiriler. Bu toparça ýurdumyzdan Ahal bilen birlikde Gyrgyzystanyň Dordoý, Täjigistanyň Rawşan futbol toparlary wekilçilik edýär. Duşuşyklary edil şol günlerde geçiriljek F toparçada bolsa Altyn asyr, Nasaf (Özbegistan), Hujand (Täjigistan) we Alaý (Gyrgyzystan) ýaryşar.

AFK-nyň Metbugat gullugyndan gelen hatda gyzyklanma bildirilýän toparçalarda žurnalistleriň habarlaşyp biljek berkidilen wekilleriniň maglumatlary görkezilýär. E toparçanyň duşuşyklarynda metbugat wekili Nataliýa Ugriumowa bolsa, F toparçada Faridun Saliýew bellenildi. Akkreditirlenen žurnalistler görkezilen elektron salgylar arkaly goşmaça maglumatlary alyp bilerler.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli, žurnalistlere ýurt aşyp, duşuşyklara gatnaşmak maslahat berilmeýär. Ýöne duşuşyklardan öň we soň geçirilýän metbugat maslahatlarynda olaryň elektron poçta arkaly ýollan sowallary toparlaryň baş tälimçilerine hem-de futbolçylaryna ýetiriler.

Şeýle hem AFK-nyň Metbugat gullugy žurnalistleri oýunlaryň öňünden we soňundan gerekli maglumatlar bilen doly üpjün edip durar.Şeýle bolansoň, Turkmenportalyň žurnalistlerinde bu duşuşyklar bilen bagly käbir ýagdaýlardan has ir habarly bolmaga we okyjylary bilen paýlaşmaga mümkinçilik bar.

Ýene degişli makalalar

Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Altyn asyryň AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-däki garşydaşlary belli boldy
“Altyn asyryň” AFK Çempionlar Ligasy 2-däki bäsdeşleri belli boldy
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
“Merw” AFK Kubogynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy