
Täjigistanyň wise-çempiony Hujand futbol topary AFK-nyň kubogynyň F toparçasynda ýeňiji bolup, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy.
Topar toparçadaky ahyrky duşuşygynda Gyrgyzystanyň Dordoýy bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.
Düzüminde Köpetdag hem bolan toparçada Hujand 4 utuk toplap, ýaryşyň sebitleýin finalyna çykmagyna hukuk gazandy.
Täjik toparynyň finaldaky garşydaşy E toparçanyň ýeňijisi, Özbegistanyň Sogdiana topary bolar. Sebitleýin final 16-njy ýa-da 17-nji awgustda geçiriler.