AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy

AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy

Türkmenistanyň Merw we Gyrgyz Respublikasynyň Alaý futbol toparlarynyň arasynda AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň saýlama duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy.

Toparlar 15-nji awgust güni Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda duşuşarlar. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Bu duşuşygyň ýeňijisi ýaryşyň pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň Hujand topary bilen duşuşar. Şol duşuşyk 22-nji awgustda Hujand şäherindäki Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda geçiriler. AFK-nyň saýlama duşuşygyndaky göreşiň bir duşuşykdan geçirilýändigini ýatladýarys.

Eger Merw iki duşuşykdan hem üstünlikli geçip bilse, ýaryşyň Merkezi sebitinde Täjigistanyň Rawşany, Türkmenistanyň Altyn asyry we Gyrgyzystanyň Abdyş-Atasy bilen bir toparçada ýaryşar.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 20-nji sentýabrda badalga berler. Ondan soňky tapgyra bolsa diňe toparçanyň ýeňijisi geçip biler.

Ýene degişli makalalar

“Merw” AFK Kubogynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy
“Merw” AFK Kubogynda toparçalarda çykyş eder
Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler