
Türkmenistanyň çempiony Altyn asyr bilen ýaryş tertibinde dördünji orny eýelän Köpetdag AFK-nyň kubogy ― 2022-niň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler. Şol gün yklym ýaryşynyň bije çekilişik dabarasy geçiriler.
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy bu bije çekilişik üçin sebetleri kesgitledi. Geçen ýyl bolşy ýaly, biziň toparlarymyz ýene-de Merkezi sebitde ýaryşar. Bu sebitde iki toparça dörediler. Olaryň birinde dört, beýlekisinde üç wekil bolar. Sebitleýin final duşuşygy iki toparçanyň ýeňijisiniň arasynda geçiriler.
Sebetler, Merkezi sebit
1-nji sebet: Nasaf ýa-da Sogdiana (Özbegistan), Hujand (Täjigistan). Özbek toparlarynyň haýsynyň gatnaşjakdygy Nasafyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda gazanjak netijesine bagly.
2-nji sebet: Altyn asyr (Türkmenistan), Dordoý (Gyrgyzystan).
3-nji sebet: SSKA (Täjigistan), Köpetdag (Türkmenistan).
4-nji sebet: Neftçi (Gyrgyzystan).