AFK-nyň Çempionlar ligasy 2: Altyn asyr — Al-Haldiýa oýnuna iordaniýaly referi eminlik eder

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2: Altyn asyr — Al-Haldiýa oýnuna iordaniýaly referi eminlik eder

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawyndan orun alan Altyn asyr — Al-Haldiýa oýnuna 39 ýaşly Ahmad Ibragimiň ýolbaşçylygyndaky iordaniýaly eminler topary bellenildi. Duşuşyk 2-nji oktýabrda Aşgabat sadionynda geçiriler. Oýun ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar.

Duşuşykda baş emine Kaýs Hamis we Hamza Abuobid gapdal eminleri hökmünde ýardam ederler. Ätiýaçdaky eminiň weizpesini Mohammad Arafa ýerine ýetirer.

Oýundan bir gün öň iki toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Onda toparlaryň baş tälimçileri we oýunçylary öňde duran oýun barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Bu çäre žurnalistlere we janköýerlere toparlaryň taýýarlygy hem-de oýna bolan garaýyşlary barada goşmaça maglumat almaga mümkinçilik berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň Iň Uzyn Köprüsi Çökdi
Asyryň Betbagtçylygyndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär
Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy