
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ybraýym Al Halifa AFK-nyň ähli agzalarynyň adyndan 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny Saud Arabystanynda geçirmek baradaky teklibi goldamak isleýändigini aýtdy. Bu barada AFK-nyň prezidentiniň guramanyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşyna salgylanyp, UzA agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň hem-de Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ybraýym Al Halifanyň gatnaşmagynda geçirilen şol mejlisiň dowamynda FIFA-nyň Aziýa yklymynda geçirilýän ýaryşlaryna ýokary baha berildi.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Indoneziýada ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty, Saud Arabystanynda Klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty, BAE-de kenar futboly boýunça dünýä çempionaty, 2024-nji ýylda bolsa Özbegistanda futzal boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Mundan başga-da, AFK-nyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2022-nji ýyl boýunça audit hasabatlaryna, 2023-2024-nji ýyllar üçin maliýe býujetlerine we AFK-nyň hukuk ugurly käbir düzümlerine täze agzalarynyň saýlanmagy bilen baglanyşykly meselelere garadylar.
Mundan ozal, Turkmenportal Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň 2034-nji ýylda dünýä çempionatynyň Saud Arabystanynda geçirilmegini goldaýandygyny habar beripdi.