Ýowuz grek bahary höküm sürýär, Afinyny gar basdy. Birnäçe ülkelerde buzly taýgançaklyk we galyň gar päsgelçilikleri sebäpli ýollar ýapyldy. Mekdeplerde okuwlar ýatyryldy, dersler uzak aralykdan geçiriler. Demirgazyk Ýewropadan gelen “Filipp” siklony özi bilen sowuk howany äkeldi. Howa gullugy işgärleriniň çaklamalaryna görä, -10 derejedäki sowuk garly howa ýekşenbä çenli dowam eder.
Goňşy Türkiýede hem howa birdenkä bulaşdy. Martda gar ýagmagy bu ýerde adatdan daşary hadysa. “Türk howa ýollary” kompaniýasy Stambulyň iki aeroportundan gatnawlaryň 400-sini ýatyrdy, olaryň 70-den gowragy daşary ýurt gatnawlary. Bosfor aýlagynda-da gämileriň gatnawy saklandy.
Bu barada MIR24 ýazýar.