Ärdogan Türkmenistana TOGG elektik ulaglaryny sowgat etdi

Ärdogan Türkmenistana TOGG elektik ulaglaryny sowgat etdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat hökmünde TOGG kysymly elektrik awtoulaglaryny iberdi.

Türkmenistanda ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan TOGG kysymly elektrik awtoulaglaryň açarlaryny Türkmenistanyň Prezidentine uly hormat bilen gowşurdylar. Ýeri gelende bellesek, ak reňkli awtoulaglar kompaniýa tarapyndan ilkinji gezek öndürilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, TOGG kysymly awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik zawody Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açyldy.Bu elektrik awtoulaglaryň her ýyl 177 müňüsiniň öndürilmegi meýilleşdirilýär. 2030-njy ýyla çenli ulagyň önümçilik kuwwatynyň 1 milliona ýetmegine garaşylýar.

Awtoulaglar 2 görnüşde 200 we 400 at güýjünde öndürilýär.Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda sagatda 100 kilometrlik tizlige ýetip, bir gezeklik zarýad bilen 500 kilometr menzil geçip bilýär.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan saglygy goraýyş we şäher gurluşygy ministlerini çalyşdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi