Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi

Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi

Türkmenistandan tebigy gaz Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna hökman eltiler, bu diňe wagtyň meselesi. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan TRT Haber teleýaýlymynda habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Türkmen gazynyň Türkiýä, onuň üsti bilen Ýewropa eltilip başlanmagy diňe wagtyň meselesi. Özem munuň sebäbi biziň bilelikdäki tagallalarymyzdyr diýip, Ärdogan nygtady.

Türk teleýaýlymynyň žurnalistleri orta möhletleýin geljekde Ýewropanyň gaz bazarynda Russiýanyň ýene bir bäsdeşiniň dörejekdigini bellediler diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Baku bilen Ýeriwanyň arasyndaky ýagdaý dartgynlaşýar
Saha Türkçesi - 1
Uýgur Türkçesi - 2
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar