Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli

Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşini düýpgöter özgertmek gerek. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Milletler Bileleşiginiň baş sekretary Antoniu Guterrişe ýüzlenmesinde ýazdy diýip, Trend habar berýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipesini ýerine ýetirmekden uzakdadygyny nazarda almak bilen, uruşlar tutuş dünýäni gaplap almazdan, köp sanly adamlar we jemgyýetler ejir çekmezden we bigünä adamlaryň gany dökülmezden öň, düýpli özgerdilmelidir diýip, Prezident Ärdogan ýazdy.

Türkiýäniň döwlet Baştutany öz ýurdunyň geljekde-de adalatly halkara ulgamyny we häzirki günüň şertlerine laýyk gelýän BMG-niň HG-ni döretmek ugrunda ak ýürekden iş alyp barýan dostlaryny goldajakdygyny ýüzlenmesinde nygtady.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň paýtagtynda BMG-niň howa boýunça maslahaty dowam edýär
Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi