Ärdogan bilen Şi Jin pingiň arasynda telefon söhbetdeşligi

Ärdogan bilen Şi Jin pingiň arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň we Hytaýyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki wakalary we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkiýäniň TRT web sahypasyna görä, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Hytaýyň prezidenti Şi Jin ping bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň ykdysady we diplomatik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligini nygtady.

Türkiýäniň prezidenti, bu ýurduň nukdaýnazaryndan hytaý uýgurlarynyň bu ýurduň beýleki raýatlary bilen deň hukukly bolmalydygyny aýtdy.

Ärdogan şeýle-de, Türkiýäniň Hytaýyň milli jebisligine we özygtyýarlylygyna hormat goýýandygyny aýtdy.

Hytaýyň prezidenti hem öz ýurdunyň Türkiýe bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Halkara jemgyýetçiligi Hytaý hökümetini Sinszýan welaýatynda uýgur musulmanlarynyň hukuklaryny bozmakda aýyplaýar. Emma Pekin bu aýyplamalary birnäçe gezek ret edip, Hytaýyň içerki işlerine gatyşylmagy barada duýduryş berendir.

Ýene degişli makalalar

Uýgur Türkçesi
Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi
Guterriş Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
Ýyl soňy -Merkezi Aziýa: Ýewraziýanyň çatrygyndaky sebit ähli tarapa çekilýär
Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär